Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda halk hojalygynyň dürli pudaklary bilen bir hatarda bilim we ylym ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär we halkara ölçeglerine laýyk derejä ýetirilýär. Şeýle-de, bilim we ylym ulgamlarynyň kanunçylyk binýady yzygiderli berkeýär. Milli Liderimiziň Kararlary, ýagny “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky” Kararyndan hem-de “Türkmenistanda ýokary bilimi ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, oba hojalyk önümçiliginiň awtomatlaşdyrmagy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işler olaryň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň mugallymlary we talyplary Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek syýasatynda göz öňünde tutulan çäreleri iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, nazary bilimler we önümçilik tejribelikleri utgaşykly alnyp barylýar. Biziň hem öz teklip edýän ylmy işimiziň maksady oba hojalygy pudagynda ulanylýan tehnikalaryň täze görnüşlerini oýlap tapmak ýerine ýetirýän işlerini awtomatlaşdyrmak usuly bilen işlemegine, ähli tehnologiki prosesleri kompýuterleşdirmäge we gök ekinleri yygnamagy yeňilleşdirmegi maksat edinýär.
Hödürlenýän ylmy barlag işi Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk işgärleriniň öňünde goýan wajyp meselelerinden ugur alyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetde Oba hojalyk ekinlerini ýygnaýjy mehanizmiň model görnüşini ýasap, tehnikany öwrenmek maksady bilen ylmy barlag tejribe işleri alyp baryldy.
Oba hojalyk gök ekinlerini ýygnaýjy mehanizmiň modelini ýasap başlamazdan ozal Ahal welaýatynyň Tehniki hyzmat ediş kärhananyň işleriň alnyp barlyşy öwrenildi. Soňra modelini enjamlaşdyryp yzygider tejribelerden soň Oba hojalyk ekinlerini ýygnaýjy mehanizmiň dürs işlemegi gazanyldy. Häzirki wagtda model görnüşi işe taýýar edildi.
Abdyljelil Azyzow
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalygyny elektrikleşdirmek we Awtomatlaşdyrmak
Kafedrasynyň mugallym-öwrenjisi
Teswirler