Her hepde däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň birnäçe agzalarynyň, telekeçileriň, hünärmenleriň, daýhanlaryň, mugallymlaryň, talyplaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça pikir alyşylýar.
Bu gezekki pikir alyşmada hem birnäçe mugallymlar we talyplar çykyş etdiler. Esasy pikir alyşma ekinlere zyýanly we zyýansyz mör-möjekler barada boldy.
“Häzirki wagtda oba-hojalygyna zeper ýetirýän zyýankeşleriň dürli görnüşleri bar. Emma olaryň arasynda ekinlere peýdaly mör-möjekler hem bolup durýar. Olary ýörite şertlerde köpeltmek arkaly beýleki zyýankeşere garşy göreşmek mümkin.”
– diýmek bilen talybymyz Maýa Söhbedowa, zyýansyz hasaplanýan däne güýesi, altyngözlüje, haraz yşykçysy ýaly möjejikleri köpeltmek arkaly ösümliklere iň zyýan berýän zatlaryň biri şirejäni ýok edip bolar diýip belläp geçdi. Bu bolsa elbetde oba-hojalygyna peýda berjek işleriň biri bolup durýar.
Annageldi Annaýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby
Şeýle-de okaň:
Papaýa we Banan agaçlaryny köpeltmek meselesine garaldy
Tropiki miweleri Türkmenistanda ýetişdirmek barada ylmy pikir alyşma geçirildi
Injir agajynyň ekilşi barada pikir alyşma geçirildi
Dermanlyk ösümlikler barada ylmy pikir alşyldy
Eksport potensiýaly – azyk bolçulygynyň habarçysy
Teswirler