«Kiçi galanyň»: eksporty barha artýar

Öz işini Lebap welaýatynda alyp barýan «Kiçi gala» hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçilikleriniň çägini barha giňeldýär. Hem önüm öndürmek, hem-de ýurdumyzda öndürilen önümleri internet arkaly bütin dünýäniň alyjylaryna hödürlemek we satmak bilen meşgullanýan bu hojalyk jemgyýeti eksport etmekde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hasaplanylýar.
Geçen ýyl polipropilen we polietilen haltalary Gazagystan, Russiýa, Ukraina, Özbegistan ýaly döwletlere eksport eden hojalyk jemgyýetinde şu ýyldaky eksport önümleriniň görnüşi hem, mukdary hem guwandyryjy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, Özbegistan we Gazagystan şu ýyl «Kiçi galanyň» hödürleýän önümleriniň esasy hyrydarlary boldular.

Has takygy, bu hojalyk jemgyýeti şu ýylda özbegistanly hyzmatdaşlara dokalmadyk matanyň 11 tonnasyny eksport etdi. Şeýle hem goňşy döwletiň önüm öndürijilerine plastmas dükjeleriň 831 müň 120 sanysy satyldy. Gazagystanly işewürler bolsa şu ýyl «Kiçi galadan» 3 milliondan gowrak halta satyn aldylar.

Önümlerini we ýurdumyzyň kärhanalarynda öndürilýän beýleki önümleri «www.kichigala.com» salgyly resmi internet saýtynda mahabatlandyrýan, alyjylara hödürleýän hojalyk jemgyýetiniň öndürýän önümleriniň arasynda «Rowaç» hem-de «Diýar» diýlip atlandyrylýan ruçkalara, ýokary hilli bedrelere hem islegler uly.
2015-nji ýyldan bäri işläp gelýän hojalyk jemgyýetiniň resmi saýtynda önümleriň 15-den gowrak görnüşi bar. Olaryň arasynda plastmas sebetler, polistirol, polipropilen, plastik gaplaryň gapaklary, dürli gurluşyk serişdeleri, ýüplükler we beýleki önümler bar.

Maksat Gapbarow,
TOHU-nyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok