Geljekki türkmen diplomatlary daşary syýasat meselelerini çözmekde täze çemeleşmeleri özleşdirýärler

Goşmaça sapaklaryň indiki möwsümi çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Diplomatiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça okuw merkezinde başlandy.

Iki ýyl ozal mundan IMO-da açylan bu merkez ýurduň daşary syýasatynyň energiýa, ulag we suw ugurlaryna ýöriteleşendir. Onuň wezipesi şu ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, okuw-usulyýet we gözleg işlerini geçirmek we degişli teklipleri taýýarlamak boýunça maksatly sapaklary guramakdan ybaratdyr.

Merkezdäki okuw işi talyplar üçin ýörite we goşmaça kurslar görnüşinde amala aşyrylýar. Şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygy we bu ugurda tejribe alyşmak ýola goýuldy.

Türkmenistanyň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, täze we işjeň diplomatiýasynyň kemala getirilmegi, BMG-niň derejesinde energetika, ulag we suw baýlyklarynyň meseleleri boýunça özara hereketleriň toplumlaýyn halkara-hukuk binýadyny döretmekde işjeň orny eýelemäge bolan ukyby bilen bagly meseleler merkeziň işiniň esasyny düzýär.

Institutyň bilim portalynda okuw merkeziniň ýörite elektron bölümi döredildi. Bu ýerde leksiýalaryň we amaly sapaklaryň ýazgylary, makalalar, çykyşlar, görkezişler, energetika, ulag we suw diplomatiýasy boýunça elektron maglumatlar we wideomateriallar ýerleşdirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok