Aşgabat şäher häkimligi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň ikinji park diýip atlandyrýan «Güneş» medeni-dynç alyş seýilgähiniň durkyny täzeleýär. Aşgabat şäher häkimligi gurluşyk we gurnama işleri üçin materiallar we enjamlar bilen üpjün edijileri gözleýär. Bu bolsa, 30-njy oktýabrda geçiriljek döwlet satyn alyş auksionynda saýlanar.
«Güneş» Aşgabatdaky iň köne seýilgähleriň biridir. Bu seýilgäh geçen asyryň 30-njy ýyllarynda guruldy. Seýilgähde söwda nokatlary, attraksionlar we oýun meýdançasy hereket edýär. Seýilgäh şäheriň iň uzyn köçeleriň biri bolan Magtymguly şaýolunda ýerleşýär.
Mundan öň paýtagtda Aşgabat seýilgähiniň durky täzelenip, 2014-nji ýylda ulanylmaga berildi. Bu ýerde paýtagtyň müňlerçe ýaşaýjylary we myhmanlary dynç alýar. Onuň çäginde döwrebap söwda nokatlary, kafeler, attraksionlar, dürli medeni çäreler üçin niýetlenen ýörite ýerler bar.
Nyzam Nizamow,
TOHU-nyň talyby
Teswirler