«Altyn asyr» kartlary boýunça satyn alsaňyz, «Halkbank» hasabyňyza 3% keşbek geçirer

Türkmenistanyň «Halkbank» Döwlet täjirçilik bankynyň müşderileri 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli «Altyn asyr» töleg görnüşli kartlardan söwda edenlikleri üçin 3% keşbek salarlar. Bu barada bankyň resmi saýty habar berýär.

«Halkbank» Döwlet täjirçilik bankynyň müşderileri Türkmenistanyň söwda nokatlaryndan satyn alnan harytlar we edilen hyzmatlar üçin bank terminallary arkaly nagt däl töleg geçirenlerinde, pul baýragy hökmünde edilen söwdanyň doly mukdarynyň 3 göterimini öz hasabyna yzyna gaýtaryp alyp bilerler. Islendik söwda nokatlaryndan geçirilen islendik haryt töleginiň çäklendirmesiz mukdary boýunça 3 göterimini bank «Altyn asyr» kartyna gaýtaryp berer. Keşbek her aýyň 25-ine tölener, bankyň müşderileri bu barada sms habaryň kömegi bilen habardar ediler.

«Keşbek» — bu satyn almak üçin harçlanan serişdäniň belli bir böleginiň kart hasabyna gaýtarylyp gaýtarylyp berilmegini aňladýan adalgadyr. Harytlar we hyzmatlar üçin töleg geçirilende bank kartlary peýdalanylan halatynda onuň belli bir göterimi kartyň hasabyna gaýdyp gelýär. Harytlara we hyzmatlara töleg geçirmek üçin bank kartlary peýdalanylan halatynda karta gaýdyp gelýän pul möçberiniň göterimi banka görä üýtgäp biler.

Ogultäç Rejepowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok