25-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çäginde umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryna barabar 2,5 müňe golaý iri desgalaryň gurluşygy alnyp barylýandygy barada öz çykyşynda belläp geçdi. Şeýle-de çykyşyň barşynda milli Liderimiz “Türkmenistan gurýan ýurt, kuwwatly döwletdir. Ýurtda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz Watanyň dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde ýurtda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müne golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar” diýip nygtady.
Şäher we oba ýerlerini ösdürmek, ýurdy senagatlaşdyrmak, ulag-logistika düzümlerini döretmek we durmuşa geçirmek işleri “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýykda alnyp barylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde güýçli depginde gurluşyk işleri geçirilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde paýtagtymyz Aşgabatda täze iri ýaşaýyş jaý toplumyny, Ahal welaýatynyň edara ediş merkezini şeýle hem beýleki welaýatlardaky täze obalaryň we şäherçeleriň gurluşyklaryny görkezmek bolar.
Laçyn HOJAÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler