Hökümetimiziň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2019-njy ýyldaky jemleýji mejlisinde 2020-nji Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy belleniljek ýylyny “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilmegi türkmen halkynyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhyndan görşümiz ýaly mähriban halkymyň ruhuna siňen bitaraplygyny şöhlelendirýän ýaly, mähriban halkymyzyň ýürek buýsanjyny goşalandyrdy. Ýurdumyzyň tutuş adamzadyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine öňe sürýän netijeli başlangyçlary bu gün dünýäde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde uly orun eýeleýär. Bitaraplyk halkymyzyň milli guwanjyna we mertebesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döredijilikli daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün parahatçylyk söýüjilikli, BMG-niň dünýäde durnukly ösüşleri üpjün etmek babatdaky tagallalaryna mynasyp goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalýar.
Türkmenistanyň özbaşdak ykdysady ösüşi milli bähbitler hem-de durmuşyň häzirki zaman zerurlyklary easynda alnyp barylýar. Mundan başga-da, Türkmenistan geosyýasy, taryhy, etniki we medeni esaslary göz öňünde tutup, özara hormat goýmak we birek-birege düşünişmek esasynda dünýä döwletleri, şol sanda goňşy ýurtlar bilen oňat gatnaşyklar saklaýar.
Türkmen Bitaraplygynyň bu esas goýujy binýatlyk işleri şeýle düşündirilýär: Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgesini içeri we daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi hökmünde kabul etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan ýurduň içeri we daşary syýasatyna degişli ylalaşyklara we hereketlere hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi nukdaýnazardan seredýär.
Bu gün Bitaraplyk hukuk statusyna eýermek arkaly daşary syýasatyny amal edýän Türkmenistanyň paýtagty parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Döwletimiziň halkara syýasaty gatnaşyklary ugrundaky möhüm ýeňişleriniň biri bolsa, BMG tarapyndan Aşgabat şäheriniň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýerleşýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagydyr. Sebitde bütündünýä ähmiýetli, wajyp wezipeleri berjaý etmek maksady bilen döredilen Merkeziň paýtagtymyzda ýerleşdirilmegi dünýäniň onlarça döwletini özüne birleşdirýän BMG tarapyndan Türkmenistanyň sebitdäki we dünýädäki syýasy ornuna juda ýokary baha berilýändiginiň we döwletimiziň bu guramanyň adaty däl-de, eýsem, onuň maksatlaryny durmuşa geçirmekde agramly hem möhüm wezipeleri ýerine ýetirýän abraýly agzasydygyny görkezýär. 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda dünýäniň onlarça ýurdundan ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagynda paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistan ýurdumyzyň goňşy Owganistan döwletine berýän yzygiderli gumanitar we ähliugurly kömekleri hem ýurdumyzyň bitaraplyga, parahatçylyga, agzybir goňşuçylyga elmydama ygrarlydygynyň anyk güwanamasydyr.
Ýurdumyzyň açyklygy, sebit we dünýä meselelerini çözmekde parahatçylyk döredijilik ýörelgeleri, giň hyzmatdaşlyga taýýarlygy dünýäniň oňyn tejribelerini kabul etmekde möhüm ýagdaýlara öwrüldi. Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş ugry syýasy hyzmatdaşlyk bilen birlikde, ykdysady ösüş, daşky gurşawy we adam hukuklaryny goramak, demokratik dolandyryş we kanunyň ileri tutulmagy babatda hyzmatdaş ýurtlaryň jogapkärçiligine hem esaslanýar.
Dünýä we sebitleýin ösüşiň täze meýillerini özünde jemleýän “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 – 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, şeýle hem beýleki halkara we sebitara guramalar bilen giň hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap döwletimiziň halkara ýörelgesiniň möhüm ugry bolup durýar. Milli Liderimiz parahatçylygy, howpsuzlygy, ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklar üpjün etmek boýuça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, halkara işini alyp barmak üçin bu düzümleriň mümkinçilikleriniň işjeň ulanylmalydygyny nygtap belleýär.
Dünýä derejeli uly tutumlary, döwrebap ýollary, ulag geçelgeleri bilen Türkmenistan bu gün Aziýanyň we Ýewropanyň, Ýuwaş ummany sebitiniň ykdysady ulgamlarynyň özara bähbitli gatnaşyklarynyň yklymara köprüsi hökmünde derejeli orna eýe boldy. Üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi hem eziz Watanymyzyň hormatly Prezidentimziň baştutanlygynda bu ugurdaky tagallalarynyň ýerine düşýändigini görkezýär. Bitaraplyk – bu paragatçylygyň gözbaşy, parahatçylyk bolsa abadançylygyň möhüm şertidir. Parahatçylygy pugtalandyrmakda halkara hyzmatdaşlygyny durmuşa geçirmek bolsa durnukly ösüşiň baş şertleridir. Milli Liderimiziň dünýä ýüzünde parahatçylygy berkarar etmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak we olary durmuşa geçirmek arkaly halkara giňişliginde özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmaga, şeýlelikde, ählumumy abadançylygyň hatyrasyna tagallalary birleşdirmäge bolan çagyryşlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Bu bolsa hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine dünýäniň ähli ýurtlary, halklary we halkara guramalary bilen döwrebap gatnaşyklary guramagyna esas hökmünde garaýan Türkmenistan döwletiniň işjeň bitaraplyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, jebisleşdiriji hem-de halkara tagallalary utgaşdyrmaga gönükdirmäge uly üns berilýändigini ýene bir gezek görkezýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, ýurdumyzda we dünýäde parahatçylygy hem-de abadançylygy dabaralandyrmak ugrundaky alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Mugallymy:Artykmyradow Baýramhan
Teswirler