Azyk bolçulygy ugrunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini has-da artdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmak döwlet maksatnamalarynda bellenen ugurlar boýunça üstünlikli amala aşyrylýar. Bazar ykdysady şertlerinde bazar-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolanyşygyny yzygiderli kämilleşdirmek, ýokary tehnologiýalara, innowasiýalara daýanýan önümçilikleri kemala getirmek öňde durýan esasy wezipelerdir. Elbetde bu wezipeleriň üstünlikli amal edilmegi netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberini azaldyp, olaryň ornuny tutýan önümleriň möçberini, görnüşlerini artdyrmaga, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, önüm bolçulygyny döretmäge giň mümkinçilikler açylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipe azyk howpsuzlygyny döretmekden, ak bazarlarymyzy, şeýle hem gaýtadan işleýän pudaklarymyzy ýeterlik derejede oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Elbetde bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilişini ýokarlandyrmagyň iň kämil tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen pugta baglanyşyklydygy hem bellidir. Häzirki günde ekiljek islendik ekiniň tohumyny taýýarlamakdan başlap tä hasyl ýetişýänça, ýygnalýança geçirilýän işleriň ählisi häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň güýji bilen amala aşyrylýar. Daýhan birleşiklerine, beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere bu ugurda döwlet tarapyndan uly goldaw hem ýeňillikler berilýär. Oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldawy netijesinde dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň oba hojalyk tehnikalary satyn alnyp, olar daýhanyň daýanjyna öwrülýär. Daýhan birleşiklerine, hojalyklara, kärendeçilere, hususy telekeçilere, beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere 10 ýyla çenli möhlet bilen, maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ösdürmek maksady bilen, şonça ýyl möhlete ýeňillikli karzlaryň berilýänligi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bagtyny ene toprakdan tapan, «Ýykylsaň ýere ýapyş» diýen pähime eýerip, halal zähmeti bilen hem özi baýaýan, hem ýurduň önüm bolçulygyna saldamly goşant goşýan zähmetsöýer daýhanlarymyzyň armasyny ýetirip durýar. Olary alyp barýan işleri, maşgala durmuşy bilen yzygiderli gyzyklanýar. Ine, şu ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iş saparynda bolup, galla oragyna ak pata bermegi hem gallaçy kärendeçileri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Ýeri gelende, şu ýyl edermen babadaýhanlarymyzyň azyklyk bugdaý taýýarlamak boýunça borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip döwlet harmanyna bir million dört ýüz müň tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrandyklaryny we ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmäge saldamly goşant goşandyklaryny guwanç bilen bellemek bolar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalary adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak we azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça anyk işler ýerine ýetirilýär. Bu bolsa döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň esasy ugry bolup durýar.

Eziz Diýarymyzda häzirki wagtda ekerançylarymyz, daýhanlarymyz tarapyndan miweli baglaryň, gök-bakja ekinleriniň bol hasyly ýetişdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu önümleri diňe bir ter görnüşinde ulanmak bilen çäklenmän, eýsem, olary gaýtadan işlemek we uzakmöhletleýin zaýalaman saklamak örän derwaýys meseleleriň biridir. Şu maksat bilen, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen ammarlar yzygiderli gurulýar.

Ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň döredilmegine telekeçiler öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ýokary tehnologiýaly döwrebap önümçilik toplumlaryny, ýyladyşhanalary gurýarlar. Gaýtadan işleýän senagatyň düzümi täzelenýär. Ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň kabul edilmegi bäsdeşlige ukyply oba hojalyk pudagyny kemala getirmegiň zerur şerti bolup durýar.

Ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň artdyrylmagy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň saçaklaryna ýylyň ähli paslynda ýokumly gök-bakja önümlerini ýetirmegi üpjün edýär. Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi hem bu wezipäniň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir.

Hawa, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleriň, daýhanyň alyn derin döküp çekýän halal zähmetiniň netijesinde ene toprak rysgal-berekedini bolluk bilen eçilýär. Ak bazarlarymyzdaky, söwda nokatlaryndaky azyk bolçulygyny saçaklarymyzy dolduryp duran nazu-nygmatlarymyzy synlanyňda, bu zatlaryň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri zybana gelip, köňül nagşyna öwrülýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok