Ädimlerimiz durmuşymyzyň adyl terezisi

Biz durmuşda her birimiz öz ädýän adimlerimize göra laýyk durmuşy ýaşaýarys. Biz, dogry yoly saýlap almagy başarsak şol ýoly geçmek üçin sansyz ädimler ätmeli bolýas.Ykbal pursatlary biziň äden ädimlerimizden doly .Her bir işi ýerine ýetirmek üçin aklymyza görä hereket edýäs diýmek akyl bize ýol salgy berýän iň gymmatly barlyk dälmi?. Alla tagalla adama iň gymmatly zatlary peşgeş beripdir olam ynsan oglynyň akyly hem ylmy. Ol barlyklaram bizi ýer ýüzündäki ähli jandarlardan tapawutlylyga öwürdi.

Ynsan oglynyň pikirlenip bilmegi şol pikirine göra ädim ätmegi dogry ýoldan barýandygyna akyl ýetirmegi öran täsin. Aslynda durmuş adamyň göziniň nirä bakýanlygyndadyr Asmana seredende mawy asmanyň , Bataklyga seredende bolsa hapalyklaň barlygyny görüp bilmekdir.Iň esasy zat gowy häsiýete eýe bolmak gowy tarapa seretmek we pikirlenmek akyl ýetirmeklikdir. Biz şu aýdylan zatlary yzygderlilikde alyp barsak ähli durmuşymyzdaky gowylyklaryň öz özünden hasyl bolýanlygyny görüp bileris. Şowlulyk we şowsuzlyklar hem häsiýetlerimize we biziň ädimlerimize bagly bolup durýar. Netijesi hem şonuň miwesidir.Şowlylyk we şowsuzlyk biziň hereketlerimiziň jemidir. Şowsuzlyk paýynyň nesibamizde bar bolmagyna gynanmaň! belkide biz şol maksadyň ugruna ädimlerimizi kemterrak ädendiris.

Durmuş gysganç däldir, näçe köp yhlas edip ylgasaň şonçada köp maksadyňa ýetýänsiň . Şolaryň ählisiniň yzynda biz ynsanlara berilen ebedi akyl bilen ylym ýatandyr. Ykbalyna şowlylyk nesip eden adamlara hiç wagt bahylçylyk etmäň. Sebäbi durmuş eden işiňe görä serpaý ýapýar.Egerde sizem şolar ýaly hormata mynasyp bolasyňyz gelýän bolsa, onda häzirden başlaň “Hiçden giç ýagşy” diýilip ýöne ýere aýdylmandyr.Maksadyň ugrunda ýadaman,ýaltanman öňe gitmek gerek. Durmuş ählimiziň adyl terezimizdir. Hojalygymyzy nä derejede mukaddeslikler bilen dolandyrýan bolsak durmuşymyzam,döwletimizem şol derejede dogry ädimler bilen alyp barmalydyrys.Şeýlelikde biz durmuşymyzyň ädimlerine akyl ýetireris. Bizi şeýle bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkdagymyzyň jany sag başy dik Il ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli tutumly işleri mundan beýläkde elmydama rowaç alsyn.

Awtory: TOHU-nyň mugallymy
Hojamberdiýew Amangeldi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok