«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň jemleýji dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň jemlerine bagyşlanan dabara geçirildi. Türkmenistanyň Içeri işler, Bilim ministrlikleriniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabara içeri işler edaralarynyň hünärmenleri, bilim işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleridir mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Her ýyl ýokary derejede guramaçylykly geçirilýän biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan çagalar bilen Içeri işler, Bilim ministrlikleriniň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda surat çekmek, ýangyn söndürmek, ýol belgilerini, olaryň aňladýan manylaryny düşündirmek boýunça bäsleşikleriň birnäçesi geçirildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem içeri işler edaralarynyň hünärmenleri tarapyndan ýol hereketiniň howpsuzlygynyň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat işleri yzygiderli alnyp baryldy. Şeýle hem tele-radio ýaýlymlarynda ýol hereketiniň düzgünlerini, sürüjiniň we pyýadanyň borçlaryny düşündirýän gepleşiklerdir gysga göwrümli wideoşekiller tomaşaçylara ýetirildi.

Dabaranyň ahyrynda biraýlygyň dowamynda işeňňirlik görkezenlere Içeri işler ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Yslam Rejepow,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok