Türkmenistan bilen Owganystan TOPH we TOP taslamalary durmuşa geçirilmegi baradaky resminamalara gol çekdi

Türkmen wekiliýeti ähmiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu resminamalar Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki düzümleýin taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, demir ýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Dabara Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, hökümet agzalary, Türkmenistanyň we Owganystanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem taslamalaryň durmuşa geçirilmegine dahylly halkara kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Owgan tarapyndan çäräniň guralan ýerinde, Kabul şäheriniň “Salam-Han” Prezident köşgünde çykyş eden Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani iki ýurduň we halklaryň dostlugyna, şeýle hem diňe Owganystanyň hemmetaraplaýyn dikeldilmegine däl-de, eýsem, sebitiň ykdysady integrasiýasyna täsir etmäge gönükdirilen iri göwrümli elektroenergetiki taslamalaryň kämilleşdirilmegine ygrarlydygy hem-de Owganystana yzygiderli goldaw berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdy.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «TAPI Pipeline Limited» we «Afgan Gaz Enterprise» edarasynyň aralarynda Owganystan Yslam Respublikasynda tebigy gaz bazaryny emele getirmek we ösdürmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň arasynda Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Afgan Wireless» aragatnaşyk kompaniýasynyň arasynda Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak we üstaşyr akymlary geçirmek hakyndaky Şertnama; Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji taslamasy, Owganystanda elektrik energiýasyny satyn almak boýunça ylalaşygyň esasy şertleri baradaky Ylalaşyk bar.

Nurbibi Taganowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok