Çeperçilik akademiýasynda sergilenen suratlar

Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Bitaraplyk – baky bagtym” atly uçurymlar öz işlerini sergilediler. Oňa ýaş suratkeşler Berdiýew Kerim, Hudaýberdiýew Maksat, Ataýew Şagylyç, Atahanow Arslan, Berdiýew Döwlet, Mämmetgulyýew Derýa özleriniň erkin döredijilik eserlerini sergilediler. Suratkeşler özleriniň eserlerinde türkmen tebigatynyň gözel ýerlerini, asuda parahat asmanymyzy, türkmeniň gara öýüni, milli egin-eşiklerimizi, ussatlyk bilen suratlandyrypdyrlar.

Berdiýew Kerim “Maşgala”, “Çeşme”, “Taňkaly çaý”, “Gara öý”, “Nohur oba. Hüjre” we “Şarlawuk. Nohur oba” ýaly işlerini sergiledi. K.Berdiýewiň “Maşgala” atly eseri mähribanlaryna bagyşlanan sowgatlyk işidir. Hormatly prezidentimiziň  “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabynda ene mukaddesligi bilen bir hatarda el hünäriniň sünnäliligi barada aýdylýar. Hormatly Prezidentimiz enelerimiziň el hünärine uly hormat goýýar we onuň gözelliginiň nusgasydygy barada aýratyn nygtaýar. Berdiýew Kerimiň “Ene mähri” atly eserinde enäniň çaga bolan söýgüsini, mähremliligini aýdyň görkezýär. Bu eserde gujagy bäbekli zenany öz gelni we dört ýaşyndaky kiçijik ogly Gurbanmuhammedi we körpeje bäbejigiň ene mährini alyp duran görnüşinde suratlandyrypdyr. Eňäniň çaga bolan päk söýgüsi Kerim mugallymyň eserinde aýdyň duýulýar. Eneler dünýäni mähir bilen nurlandyrýar, ýürekleri söýgi bilen sypalaýar, göwünleri asman ýaly giňeldýär.

Türkmenler hemişe özboluşly milli lybaslary, şaý-sepleri nakgaşçylykda, grafika we zergärçilik sungatynda şöhratlandyrýarlar. Milli äheňde türkmen gelin-gyzlarynyň egin-eşiklerini, türkmen halysyny, zergärçilik önümlerini kä halatlarda miweleri hem-de gülleri özünde jemleýän natýurmortlary, türkmen nakgaşçylygynyň aýratyn bir sahypasydyr. Suratkeş Maksat Hudaýberdiýew özüniň “Gyz bukjasy” işinde gara öýüň içinde gyrmyzy donuň üstünde goýulan gelin-gyzlarymyzyň milli şaý-sepleri bolan gupbany, gülýakany we bilezikleri ussatlyk bilen suratlandyrypdyr. Öýüň içki görnüşini suratlandyrmak bilen suratkeş “guşly gölli” halyny, asylgy duran çuwallary we küýzäni şekillendiripdir. Bu eserinde esasan gyzyl, sary we ýaşyl reňkler agdyklyk edýär. Nakgaş eseri diýilende reňkleriň sazlaşygy esasynda döredilen eser göz öňünde janlanýar. Nakgaşçylyk eseri şekillendiriş sungatynyň beýleki görnüşlerinden tapawutlandyrýan alamaty hem reňklerdir. Öýüň içinde asylgy ýüplükleriň gyzyl, ýaşyl we gök reňkleribeseri hasda baýlaşdyrýar.

Şagylyç Ataýew sergä özüniň peýzaž žanrynda ýerine ýetiren eserleri bilen gatnaşyp esasan oba durmuşyna bagyşlanan eserleri agdyklyk edýär, çünki çagalyk ýyllarynyň obada geçmegi ýaş suratkeşiň durmuşyna uly täsir edipdir. Özboluşly türkmen obasynyň hysyrdyly dünýäsi, gündeki durmuşy, oba adamlarynyň sada häsiýeti we zähmetsöýerligi suratkeşiň eserlerinde giňden beýan edilýär. Parahat asuda ýurdumyzda suratkeş ýagty öwüşginli reňkler ulanyp, arassa asuda asmanymyzy, ene topragy, bereketli ýaşyl ýaýlany ussatlyk bilen suratlandyrmagy başarypdyr.

“Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýen atalar sözünden ugur alyp suratkeş Derýa Mämmetgulyýew öz eserlerini hakyky durmuş bilen baglanyşdyryp realizm usulynda işlemegi halaýar. Suratkeşiň dünýägaraýşy nähili giň bolsa onuň döretýän eserleri hem şol dereje giň many-mazmuna eýe bolýar. Gözel watanymyzyň dürli künjeklerine etýudlara gitýän ýaş suratkeş her ýerde öz gözýetimini giňeldip täze özgerişiň yzyndan gitmäge ymtylýar. Suratkeş bu sergide esasan Köýten obasyny, onuň gözel tebigatyny, daglary şekillendirýär. Köýten dag atly nakgaşçylyk eserinde agaçlaryň arasyndan daglara tarap uzaýan geçelgäni hem-de gözel tebigatymyzyň bir bölegini ussatlyk bilen suratlandyrýar.

Arslan Atahanowyň dizaýn sungatynda ýerine ýetiren “Çarhypelek” atly eseri özboluşlylygy bilen hem-de reňk çözgüdi bilen haýran galdyrýar. Suratkeşiň bu eseri iki bölekden (diptih) ybarat bolup, ol akril bilen kendiriň ýüzünde ýerine ýetirilipdir. “Çarhypelek” atly bu eserde hatarlanyp barýan kerwenler we ýaşyp barýan güneş ussatlyk bilen suratlandyrylypdyr. Suratkeş Çarhypelek dowamatyň nyşany hökmünde güni çekipdir. Tebigat bilen ýaşaýyşy dowam etmekligiň özi hem bir sungatdyr.

Türkmeniň gara öýi 3 bölekden tärim, uk we tüýnükden ybarat bolup, iň ýokarsynda tüýnük ýerleşýär. Gara öýüň merkezinde tüýnügiň aşagynda ot ýakar ýaly ojak üçin ýer goýupdyrlar. Döwlet Berdiýew “Bokurdak” atly işinde gara öýüň içinde taňkada gaýnap duran çaýy suratlandyrýar. Bu eserde közüň üsdünde duran taňkalary görüp, çaýyň lezzetini duýup bolýar. Bu eseri synlanyňda Hormatly Prezidentimiziň “Çaý – melhem hem ylham” atly kitabynda Gahryman Arkadagymyzyň çaý hakynda aýdan sözleri ýadyňa düşýär. Ol “Çyn-Maçyn ýurduna giden, hatarly kerweniň geldi – diýip, waspyny ýetiren ýurduna – Hytaý Halk Respublikasynda ençeme gezek bolmak maňa hem miýesser etdi. Şonda men her gezek, ata Watany diýip hasap edilýän ýurdunda çaýyň taryhy, görnüşleri, senagat taýdan işlenilişi, bu pudakda durmuşda ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar, çaý bilen bagly däp-dessurlar, olaryň döreýiş aýratynlyklary bilen içgin gyzyklanyp, köp ýyllaryň dowamynda, örän kän maglumatlary topladym” diýip çaý barada gyzykly maglumatlary aýdýar.

Ýaş suratkeşleriň galamynyň ýiti bolmagyny, sungat äleminde uly üstünlikler gazanmagyny,  döredijiliginde uly üstinlikleri arzuw edýäris!

HALLYGÖZEL Muhammedowa,
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok