Şu gün – 1-nji oktýabrda BMG-niň düzümine girýän ähli döwletler Halkara ýaşulular gününi belläp geçýär. Bu şanly senäni bütindünýä jemgyýetçiligi bolup belläp geçmeklik karary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda bolup geçen 45-nji mejlisiniň A/RES/45/106 belgili Rezolýusiýasynyň esasynda yglan edildi. Şu Rezolýusiýa bolsa 1982-nji ýyldaky Bütindünýä mejlisinde garrylyk boýunça kabul edilen we şol ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklanan Wena Garrylyk Hereket meýilnamasynyň kadalarynyň durmuşa geçirilmeginiň amalyýeti bolup durýar.
A/RES/45/106 belgili Rezolýusiýada BMG-niň Garrylyk gaznasyna goşantlarynyň azalandygy, dünýä ilatynyň garramagynyň çaltlygy we garry adamlaryň ösüş prosesine möhüm goşant goşup biljekdigi ykrar edilýär. Hut şunukdaýnazardan-da, Baş Assambleýa şol gün hökümetleri we hökümete dahylsyz guramalary Garrylyk gaznasyna goşant goşmaga çagyrdy.
1991-nji ýylda Baş Assambleýa özüniň 46/91 belgili rezolýusiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Garry adamlar üçin ýörelgelerini kabul etdi.
2002-nji ýylda Madridiň Garrylyk boýunça hereket meýilnamasy Ikinji Bütindünýä mejlisinde XXI asyrda ilatyň garramagyna garşy öwrülişik nokady hökmünde kabul edildi. Hut şu nukdaýnazardan-da, şondan bäri geçen 18 ýylyň içinde hökümetler tarapyndan bu ugurda amal edilen işleriň netijesinde bütindünýä jemgyýetçiligindäki 60-80 ýaş aralygyndaky ýaşulular ýaşlar bilen deň hörpden gopup, özleriniň garrydyklaryny hem unutýarlar, has dogrusy, özlerini ýaňy kämillik ýaşyna ýeten ýetginjek ýaly duýýarlar.
Her ýylyň 1-nji oktýabrynda Birleşen milletler gurmasy tarapyndan ýaşulularyň hukuklaryny goramaga, jemgyýetdäki tutýan ornuny pugtalandyrmaga bagyşlanan dürli festiwallar, halkara ylmy-amaly maslahatlar we syýasy ýygnaklar geçirilýär. Biziň ýurdumyzda hem BMG-niň bu asylly ýörelgelerinden ugur alnyp, Halkara ýaşulular güni mynasybetli dürli çäreler geçirilýär. Şu gün hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaşuşularymyzyň şanly baýramy bolan halkara ýaşulular güni diýseň uly şatlyk-şowhunly dabaralara beslenilip bellenilip geçilýär. Bu baýram hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşulularyna bolan çäksiz hormat-sarpasynyň nyşanyny, ýurdumyzyň Birleşen milletler guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlygyna ygrarlygynyň baý mazmunyny alamatlandyryp. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizilen Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 81-nji maddasynyň birinji böleginde ýerleşdirilen şanly seneleriň arasyndan orun aldy. Hut şu nukdaýnazar bolsa, Halkara ýaşulular gününiň biziň ýurdumyzda ilkinji gezek 2009-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda bellenilip geçilendigini aýan edýär. Şondan bäri Birleşen milletler guramasynyň düzümine girýän beýleki döwletler ýaly biziň ýurdumyz hem her ýylyň 1-nji oktýabrynda Halkara ýaşulular gününi giňden dabaralandyrýar. Her ýyl bu şanly sene mynasybetli, milli teleýaýlymyň Watan habarlar gepleşigi türkmen ýaşulularynyň ählisine hormatly Prezidentimiziň gutlagyny ýetirýär. Munuň özi bolsa, biziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýatynyň çäklerinde Birleşen milletler guramasy bilen alyp barýan oňyn hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Toýly Jänädow
Şeýle-de okaň:
Şu wagt ýa-da hiç haçan…
1 октября – Международный день пожилых людей
В АШХАБАДЕ ТОРЖЕСТВЕННО ОТМЕТИЛИ МЕЖДУНАРОДНЫЙ ДЕНЬ ПОЖИЛЫХ
“Ýaşulylar – görelde mekdebi”
Teswirler