Türkmenistanyň halk artisti, meşhur Annaberdi Atdanowy tanamaýan az-az bolsa gerek. Halka adamkärçiligi, sypaýylygy, mahmal owazy bilen özüni tanadan Annaberdi Atdanow 1940-njy ýylyñ 3-nji awgustynda Bäherden etrabynyň Kelete obasynda dünýä inýär. Kakasy Atdan aga we ejesi Sonagül daýza anna güni inen, ilkinji perzentlerine Annaberdi diýip at goýýarlar.
Annaberdi 1949-njy ýylda Kelete obasynda ýerleşýän başlangyç bilim berýän 3-ýyllyk mekdebiň birinji synpyna gelýär.

“Annaberdi diňe bir ene-atasynyň ýa mugallymyň çagasy bolman, eýsem ol bütin halkyň ogly boldy, halk guwandy onuñ zehinine“- diýip ussadyň başlangyç synp mugallymy Enegyz Mämmedowa belleýär.

Gürrüňdeşligimiziň dowamynda ömrüniň 50 ýylyny mugallymçylyk kärine sarp eden mugallym çaga bilen mugallymyň arasynda gatnaşygyň nähili bolmalydygyny, her bir çaga bilen gürleşmegiň aýratyn bir usulynyň bardygyny nygtady.
Şeýle-de okaň:
Pyragynyň Watançylyk şygryýeti harbylara ylham boldy
GARAŞSYZLYK HAKYNDA ILKINJI ÝAZYLAN GOŞGY
Şahyrlaryň goşga başlamagy…
Setire siňen ömür
ÝÜREGI BILBIL HALYPA
GAZAK ŞAHYRY ÝATLANYLDY
Teswirler