Naýbaşy kubok altynjy gezek «Altyn asyrda»

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk şanly toýunyň özboluşly dowamyna öwrülen türkmen futbolynyň janköýerleri üçin baýramçylyk ruhy dowam etdi. Çünki öňňin — 29-njy sentýabrda futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşyk bir möwsümiň naýbaşy toparyny öňe çykarýar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň tertipnamasyna görä, bu duşuşyk möwsümiň çempiony bilen Kubok ýaryşynyň ýeňijisiniň arasynda geçirilýär. Eger çempion we Kubogyň eýesi bir topar bolsa, Kubok ýaryşyndaky finalçy Naýbaşy kubok duşuşygynda hem çempionyň garşydaşy bolýar. Şu gezek hem şeýle boldy. Ýurdumyzyň 2019-njy ýyldaky futbol çempiony «Altyn asyr» bilen Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalçysy «Ahal» bu gezek Naýbaşy kubok ugrunda göreşdiler.

«Altyn asyr» bilen «Ahal» häzirki türkmen futbolynyň iň güýçli toparlary. Ýylyň-ýylyna olar biri-birine bäsdeş. Bu bäsdeşlige kä ýyllarda «Şagadam», «Energetik» ýaly toparlar hem goşulýar welin, olaryň gadamy biraz asgyn gelýär. Hatda futbol çempionatymyzyň şu möwsüminde-de üçünji orundaky «Şagadamdan» ýaryşyň öňdebaryjysy «Altyn asyr» 11, «Ahal» bolsa 9 utuk öňde. Çempionatyň heniz ýaňy birinji ýarymy tamamlandy.

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda geçirilen Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. «Ahal» 68-nji minutda ýarym goragçy Gurban Annaýewiň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsa, «Altyn asyr» bary-ýogy 5 minut soňra goragçy Mekan Saparowyň tapawutlanmagynda jogap berdi. Bu hasap duşuşygyň esasy wagtynda-da, ýarym sagatlyk goşmaça wagtda-da üýtgemedi. Şeýlelikde, Kubogyň eýesi 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde kesgitlenildi. Bu gezek üstünlik «Altyn asyryň» tarapynda boldy. «Ahalyň» goragçysy Serdar Annaorazowyň 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmezliginiň netijesinde, «aragatnaşykçylar» taryhynda altynjy gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldular.

Täsin tarapy, ilkinjisi 2005-nji ýylda geçirilen Naýbaşy kubok duşuşyklarynyň soňky altysy bassyr «Altyn asyryň» ýeňşi bilen tamamlanýar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri bu Kubok ugrundaky duşuşyklara hem iň kän gezek gatnaşan (8 gezek), hem oňa iň köp mynasyp bolan (6 gezek) topardyr. Mahlasy, «Altyn asyr» Türkmenistanyň çempiony bolan ýyllarynyň ählisinde Naýbaşy kubogyň hem eýesi boldy.

Şöhrat Wekilow,
TOHU-nyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok