2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda dünýäniň iň beýik binasy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän Burj Halifa diňi açyldy. Bu binanyň umumy beýikligi 828 metr bolup, ol yşyklaryny yzygiderli üýtgedip, dünýäniň dürli ýurtlarynyň baýdaklaryny şekillendirýär.
2019-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda Burj Halifada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli ýaşyl tugumyzyň ajaýyp görnüşi şöhlelendi. Ýene bir ýyldan, şol senede mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Dubaýdan hoş habar gelip gowuşdy. Ýagny, Burj Halifada türkmen halkynyň Garaşsyzlyk gününe hormat hökmünde Baýdagymyzyň şekili alyslara ýalkym saçdy. Bu buýsandyryjy wakalar iki döwletiň arasynda däbe öwrülen dostlukly diplomatik gatnaşyklaryň has-da berkeýändiginiň nyşanydyr.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Şeýle-de okaň:
Sosial mediada öňe çykan gutlag wideolary
Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarsy geçirildi
GARAŞSYZLYK HAKYNDA ILKINJI ÝAZYLAN GOŞGY
Garaşsyzlyk – erkinligiň bahary
“GARAŞSYZLYGYŇ MERJEN DÄNELERI” BÄSLEŞIGININIŇ ÝEŇIJILERI
Baýramçylyga bagyşlanan at çapşyk geçirildi
Teswirler