IT ýokary okuw jaýynda hereket edýän Ýaş alymlar geňeşi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilim-ylym-innowasiýalar-önümçilik ýaly okatmagyň innowasion modelini düzmekde toplumlaýyn çemeleşmä ýol açar. IT ýokary okuw jaýynda hereket edýän Ýaş alymlar geňeşi sanly ulgamda alyp barýan işlerinde üstünlikli netijeler bilen tapawutlanýarlar. Mysal hökmünde, gün paneli, awtomatlaşdyrylan ýyladyşhana, kömekçi robot, akylly öý ulgamy, IP týuner, hyýaly tejribehana, awtoulag belgileriniň identifikasiýa ulgamy we uzak aralykdan dolandyryş ulgamy ýaly taslamalary getirmek bolar. Institutymyzyň Ýaş alymlar geňeşiniň döreden taslamasy : Gün paneli barada aýdanymyzda,

Gün panel – bu ulgam günden gelýän ýagtylyk energiýasyndan gün batareýalarynyň kömegi bilen optimal, ýokary derejede elektrik energiýasyny almaga niýetlenen. Gün şöhleleri gün batareýasyna perpendikulýar düşen wagty onuň energiýa öndürijilik ukyby beýleki ýagdaýlara seredeniňde has işjeň bolup durýar. Onuň üçin gün paneliniň gündiziň islendik wagty Güne perpendikulýar ýagdaýda saklanmagyny üpjün etmeli. Ony amala aşyrmak üçin Günüň hereketini yzarlaýan, ýagny, “Iki ok boýunça Gün energiýasynyň intensiw akymynyň düşýän burçyna awtomatlaşdyrylan sazlanýan ulgamy” işlenip düzüldi. Güni yzarlaýjy ulgamyň ulanylmagyň netijeliligi. Bu awtomatiki gurluş iki taraplaýyn dikligine we keseligine hereket edip, Güne göra öz üstüni perpendikulýar ýagdaýda saklaýar. Keseligine we dikligine hereketi ýörite gurnalan hereketlendirijileriň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu ulgam özüniň yzarlama häsiýetini işjeň ýagdaýda alyp barýar we energiýa mukdaryny ýokary derejede artdyryp almak üçin hereketini özgerdýär. Sensorlar her tarapyň ýagtylyk mukdaryny anyklaýar we olaryň ýagtylyk mukdarlary deňleşýänçä paneli hereketlendirýär. Paneli Gün batandan soňra ertirki dogýan ýagdaýyna getirmek üçin onuň arka tarapynda hem degişli sensorlar ýerleşdirilen. Yzarlamak üçin gün panelini gurnamagyň iki sany esasy usuly bar, ýagny olar bir ok boýunça we iki ok boýunça bolýar.

Bir ok boýunça hereket edýän paneller ýokary tok almak üçin adatça polýar berkitme usulynda ulanylýar. Polýar berkitmede bir ok ulanylýar. Olar takmynan ýeriň aýlanyş okuna parallel ýagdaýda gurnalýar. Deňeşdirme netijesinde ýönekeý gün panelinden bir ok boýunça hereket edýän paneli 30% çykyş kuwwaty ýokary bolýar. Iki ok boýunça hereket edýän panelde bir oky keseligine, beýleki oky bolsa dikligine hereket etmegi amala aşyrýar. Iki okdan ybarat bolan bu sazlaşyk paneli islendik wagt güne ugrukdyrylan ýagdaýyna sazlap bolýar. Bu usul hereket etmeýän panele seredeniňde 35-40% artyk energiýany öndürmek mümkinçiligini berýär. Tebigy energiýa çeşmeleriniň arasynda iň bir ýörgünlileriniň hatarynda gün energiýasy çykyş edýär. Işläp taýýarlamak maksady bilen gün paneliniň sistemasynyň işjeňligini ýokarlandyrmak üçin birnäçe barlaglar alnyp baryldy. Şolar ýaly usullaryň biri hem gün yzarlaýan ulgamyň ulanylmagydyr. Günüň yzarlanýan hereketi gün şöhleleriniň düşýän burçuna perpendikulýar ýagdaýyny saklaýandygy üçin gün paneli hemişe köp energiýa öndürmäge mümkinçilik berýär.

Abraýew Kuwwat
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok