Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzda ilatyň saglygyny we asuda ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen ençeme işler durmuşa geçirilýär. Ýagny, mälim bolşy ýaly her ýylyň 1—30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäräniň geçirilmegi munuň aýdyň suwutnamasydyr. Bu biraýlyk çäräniň dowamynda ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ýurdumyzda ähli ilatyň saglygyny, ýurt abadançylygyny goramak maksady bilen bu çärä bagyşlanyp ýurdumyzyň ähli künjeklerinde wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, watanymymyzyň dürli künjeklerinde täze we döwriň talabyna laýyk gelýän ýollardyr şaýollary yzygiderli gurulýar we halkymyza ulanylmaga berilýär. Şeýle hem ýollaryň ugrunda ýolagçylar üçin ähli amatlyklary bolan duralgalar, ýerasty we ýerüsti geçelgeler, ýolyşyklar we beýleki degişli belgiler goýulýar. Awtoulaglaryň köpelmegi we ulag gatnawlarynyň artmagy netijesinde köçelerde, ýollarda sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň has ünsli bolmagyny talap edýär. Ýurdumyzda bu biraýlyga bagyşlanyp wagyz nesihat çäreleri, köp sanly wagyz nesihat duşuşyklary geçirilýär.
Her bir raýatyň ýol hereketindäki şahsy jogapkärçiliginiň bolmalydygy we ýollarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri baradaky maglumatlar bu bir aýlyga bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň ählisiniň özeni bolup durýar. Bu çäräniň geçirilmegi raýatlaryň howpsuzlygyny, halkymyzyň asuda we parahat ýaşamagy üçin wajyp ähmiýete eýe bolup durýar.
Mergenow KAKAMYRAT
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
Şeýle-de okaň:
Ýol hereketiniň howpsuzlygy barada maslahat
Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan habarnama
7/24.tm hepdelik elektron goşundynyň täze sany çykdy
Wagyz nesihat çäresi geçirildi
Sürüjiler üçin onlaýn töleg.
PÝGG hyzmatlarynyň tölegleri aňsatlaşýar
PAÝTAGTYMYZYŇ ÝAŞAÝJYLARY WE MYHMANLARY!
Aşgabat şäherindäki käbir awtobuslaryň ugurlary üýtgedilýär
Teswirler