Bu gün türkmen halky Milli Liderimiziň baştutanlygynda baş baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk toýuny dabaraly ýagdaýda belläp geçýär. Gysga wagtyň içinde ösüşiň özbaşdaklyk ýoluna düşen Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwrüldi.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde birnäçe baýramçylyk dabaralary geçirildi. Baýramçylyk säheri Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Soňra bolsa paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk meýdançasynda dabaraly ýagdaýda harby ýöriş hem-de beýleki çäreler geçirildi.
Harby ýöriş öz nobatyny ýurdumyzyň nebit we gaz, himiýa, dokma, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy we beýleki ugurlaryndaky üstünlikleri hem-de milli ykdysadyýetimiziň giň mümkinçilikleri görkezýän ulaglaryň geçiş dabarasyna berdi.
Baş baýramymyz mynasybetligeçirilýän dabara ýurdumyzyň öňdebaryjy sungat ussatlarynyň mähriban Watanymyzy wasp edip aýdan aýdymlary hem-de gadymdan gelýän, toýlarymyzy bezeýän, türkmen medeniýetiniň baş nyşanyna öwrülen küştdepdi tansy bilen jemlendi.
Çaryýewa HUMAÝ
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
Teswirler