Türkmenistan Belarusdan ozal gaýdyp bilmedik raýatlaryny yzyna gaýtarmagy meýilleşdirýär

2020-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda «Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy türkmen raýatlaryny Belarusdan Türkmenistana eltmek üçin çarter uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Howa menziliniň maglumat gullugynyň aýtmagyna görä, Minsk—Türkmenabat uçuşy Boeing 737-800 uçarynda dolandyrylar. Bu uçuş Türkmenistanyň Hökümetiniň buýrugy bilen gurnaldy.

Gelýän ähli raýatlar iki hepdelik karantini başdan geçirmeli bolarlar.

Türkmenistan daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryny ýurdumyza getirmek işlerini dowam etdirýär. Türkmenistanyň Hökümeti, pandemiýanyň ýaýramagy sebäpli ozal gaýdyp bilmedik raýatlaryny yzyna gaýtarmak üçin Türkmenabat halkara howa menziline Türkiýe, Russiýa, Belarus we Hindistandan çarter uçuşlaryny gurady. Türkmenistanly 120 raýat gury ýer bilen Özbegistandan öz watanyna gaýdyp geldi.

Şageldi Çerkezow,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok