Aşgabatda dabaraly harby ýöriş geçirildi

Şu gün döwletimiziň we halkymyzyň taryhynda ykbal çözüji sene bolan Garaşsyzlyk güni giňden baýram edilýär. Indi 29 ýyl bäri ýurdumyz özüniň saýlap alan we şöhratly pederlerimiziň Watany, parahatçylygy, ylalaşygy hem-de milletiň bitewüligini goramak ýaly köpasyrlyk arzuwlarynyň wysalyna öwrülen ýoly bilen ynamly gadam urýar.

Garaşsyzlygyň mukaddes baýdagynyň astynda halkymyz özüniň geljegini gurýar, zähmet çekýär, mähriban topragymyzy gülläp ösýän künjege öwürýär. Bu ýerde ýagşy dessurlara, mirasa hormat goýulýar. Häzirki ýetilen sepgitlere buýsanylýar we täze ösüşlere ynamly gadam goýulýar. Şu ýyllaryň dowamynda ýurdumyz dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Onuň halkara giňişligindäki abraýy ýokarlanýar we milli Liderimiziň ählumumy howpsuzlygyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen netijeli hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar.

Türkmenistanda ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, köpugurly esasda ösdürmek, durmuş düzümini kämilleşdirmek boýunça giň möçberli özgertmeler maksatnamalary ýaýbaňlandyryldy. Täze şäherler we obalar gurulýar.

Bu gün bolsa ýurdumyz döwlet özygtyýarlylygyna eýe bolmagynyň şanly senesiniň uly baýramçylygyny dabaralandyrdy. Paýtagtymyzdaky Baş meýdan baýramçylygyň myhmanlaryny we oňa gatnaşyjylary aýratyn baýramçylyk öwüşgininde garşylady. Onuň münberlerinde hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary şeýle hem Halk Maslahatynyň agzalary gatnaşdylar.

Soňra Aşgabatyň merkezi meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk harby ýörişi geçirildi.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok