Her ýyl türkmen halkynyň öz döwlet Garaşsyzlygynyň baýramyny giňden dabaralandyrýan gününde – 27-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasy hem Bütindünýä syýahatçylyk gününi belläp geçýär.
Bütindünýä syýahatçylyk güni, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1979-njy ýylda Ispaniýanyň Torremolinos şäherinde döredilen halkara baýramçylygydyr. Bu şanly senäniň bütin dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan her ýylda bellenilmeginiň baş maksady halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni syýahatçylyga, onuň medeni we durmuş-ykdysady ähmiýetine çekmeklikden ybaratdyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, Durnukly ösüş maksatlarynda kesgitlenen global kynçylyklary ýeňip geçmek hem-de syýahatçylyk pudagynyň bu maksatlara nähili goşant goşup biljekdigini görkezmek bilen baglanyşykly çäreler Halkara Syýahatçylyk gününiň esasy mazmunyny düzýär.
Bütindünýä syýahatçylyk gününde BMG-niň Baş Assambleýasy Bütindünýä Syýahatçylyk guramasynyň ýerine ýetiriji geňeşiniň teklibi bilen saýlanan mowzuklar esasynda çäreleri geçirmekligi belleýär. Baş sekretar her ýyl bu şanly senäniň ýyllyk mowzugy barada BMG-niň agza döwletlerine habar iberýär we onuň esasynda dünýäniň dürli ýurtlarynda geçiriljek resmi dabaralara ýolbaşçylyk edýär.
BMG-de Bütindünýä syýahatçylyk güni ilkinji gezek 1980-nji ýylda bellenilip geçilýär.Şol ýyldan bäri hem bu baýramçylyk her ýylda syýahatçylyk bilen baglanyşykly bir mowzuga bagyşlanan çäreleriň esasynda dabaralandyrylýar.
Bütindünýä syýahatçylyk güni mynasybetli şu wagta çenli – 1980-nji ýylda “Medeni mirasy gorap saklamaga, dünýä parahatçylygyna we özara düşünişmäge syýahatçylygyň goşandy”, 1981-nji ýylda “Syýahatçylyk we durmuşyň hili”, 1982-nji ýylda “Iň oňat syýahat: Gowy myhmanlar we gowy ýer eýeleri”,1983-nji ýylda “Syýahat we dynç alyş diňe bir ählumumy hukuk däl, eýsem jogapkärçilikdir”, 1984-nji ýylda “Halkara düşünişmek, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk üçin syýahatçylyk”,1985-nji ýylda “Ýaşlar syýahatçylygy: Parahatçylyk we dostluk üçin medeni taryhy miras”, 1986-nji ýylda “Syýahatçylyk dünýä parahatçylygynyň durmuş güýji”, 1987-nji “Ösüş üçin syýahatçylyk”,1988-nji ýylda “Syýahatçylyk: Hemmeler üçin bilim”, 1989-nji ýylda “Syýahatçylaryň erkin hereketi täze dünýä döredýär”, 1990-njy ýylda “Syýahatçylyk – tanalmaýan pudak, durmuşa geçirilmeli hyzmatdyr.”(“Gaaganyň syýahatçylyk jarnamasy”), 1991-nji ýylda “Aragatnaşyk, maglumat we bilim: syýahatçylygy ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemekdir”, 1992-nji ýylda “Syýahatçylyk: durmuş-ykdysady raýdaşlygyň ösmeginde we adamlaryň arasynda dostlugyň berkemeginde esasy sebäpdir.”, 1993-nji ýylda “Syýahatçylygy ösdürmek we daşky gurşawy goramak: dowamly sazlaşyga tarap”, 1994-nji ýylda “Ýokary hilli işgärler – ýokary hilli syýahatçylyk”, 1995-nji ýylda Bütindünýä Syýahatçylyk guramasy: 20 ýyllap dünýä syýahatçylygynyň hyzmatynda”, 1996-njy ýylda “Syýahatçylyk – çydamlylygyň we parahatçylygyň esasy özenidir.”, 1997-nji ýylda “Syýahatçylyk: Iş ýerleri we daşky gurşaw boýunça ýigrimi birinji asyrda öňdebaryjy”, 1998-nji ýylda “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy: Syýahatçylygy ösdürmegiň açary”, 1999-njy ýylda “Syýahatçylyk: Täze Müňýyllyk üçin Bütindünýä mirasyny gorap saklamak”, 2000-nji ýylda “Tehnologiýa we tebigat: XXI asyryň daňynda syýahatçylyk üçin iki kynçylyk”, 2001-nji ýylda Syýahatçylyk: Medeniýetleriň arasynda parahatçylyga we gepleşiklere çagyryş”, 2002-nji ýylda “Ekosyýahatçylyk – durnukly ösüşiň açarydyr”, 2003-nji ýylda “Syýahatçylyk garyplyga garşy göreşde, iş orunlaryny döretmekde we jemgyýetçilik sazlaşygyny üpjün etmekde güýçli esas”, 2004-nji ýylda “Sport we syýahatçylyk: Jemgyýetleriň özara düşünişmegi, medeniýeti we ösüşi üçin iki janly güýç”, 2005-nji ýylda “Syýahat we ulag: Jýul Werniň göz öňüne getirişinden 21-nji asyryň hakykatyna çenli”, 2006-njy ýylda “Syýahatçylyk baýlaşdyrýar.”, 2007-nji ýylda “Syýahatçylyk aýallar üçin gapylary açýar.”, 2008-nji ýylda “Syýahatçylyk howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseläni öz üstüne alýar.”, 2009-njy ýylda “Syýahatçylyk – dürlüligiň baýramçylygy”, 2010-njy ýylda “Syýahatçylyk baýlaşdyrýar”, 2011-nji ýylda “Syýahatçylyk medeniýetleri birleşdirýär.”, 2012-nji ýylda “Syýahatçylyk we durnukly energiýa”, 2013-nji ýylda “Syýahatçylyk we suw çeşmeleri: umumy geljegimizi goramak”, 2014-nji ýylda “Syýahatçylyk we jemgyýetiň ösüşi”, 2015-nji ýylda “Bir milliard syýahatçy – Bir milliard mümkinçilik”, 2016-njy ýylda “Hemmeler üçin syýahatçylyk – Syýahatçylyga ählumumy elýeterliligi ösdürmek”, 2017-nji ýylda “Durnukly syýahatçylyk – ösüş üçin gural”, 2018-nji ýylda “Syýahatçylyk we sanly özgeriş”, 2019-njy ýylda “Syýahatçylyk we iş: Hemmeler üçin has gowy gelejek” ýaly ýyllyk mowzuklaryň esasynda baýramçylyk dabaralary geçirildi.
BMG-niň 2020-nji ýylda – şu günki belleýän Bütindünýä syýahatçylyk gününiň mowzugy bolsa “Syýahatçylyk we oba ösüşi” diýlip atlandyrylýar. Syýahatçylyk iri şäherleriň daşyndaky iş mümkinçiliklerini üpjün etmekde, medeni we tebigy mirasy gorap saklamakda diýseň möhüm ähmiýete eýedir. Köp ýurtda syýahatçylyk ykdysady ösüşiň dikelmegine itergi beriji güýç bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, Birleşen milletler Guramasynyň her ýylda Halkara Syýahatçylyk gününi bellemeginiň baş maksady syýahatçylygy ösdürmek, dünýä jemgyýetçiliginiň ykdysadyýetine goşýan goşandyny görkezmek we dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek ýaly esas wezipelerden ybaratdyr.
Toýly Jänädow
Şeýle-de okaň:
Daşoguz welaýatyna gezelenç edýän syýahatçylara nähili hyzmatlar garaşýar?
Syýahatçylyk 20% artdy
Singapurda syýahatçylyk eksposy geçirildi
Türkmenistan we Hytaýyň syýahatçylyk pudagy barada seminar geçirilýär
Berdimuhamedow Awaza syýahatçylyk zolagynda
Wirtual Muzeý hyzmaty
Teswirler