Diýarymyza Baş baýramymyz – Garaşsyzlygyň 29 ýyllyk baýramy ýetip geldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny bellejek ýylymyzyň her bir güni toýdur baýrama, şatlyk-şowhuna beslenýär. Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany ýylyna gadam goýanymyz bäri yurdumyzda bellenilen şanly seneleriň, tutulýan toý baýramlaryň sanasaň sogaby bar. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata-babalarymyzyň arzuwlan erkinligi wysal boldy. Bu gün öz mähriban, asuda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belleýäris. Garaşsyzlyk bu – biziň baş baýramymyz. Biz oňa buýsanç bilen mukaddes Garaşsyzlygymyz diýýäris. Ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmegidir, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynyň gazananlaryny birugra sanap geçmek mümkin däl. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň göwün galkyndyryjy ýakymly howasy durmuşumyzy gurşap aldy. Bu günler bagtyýarlygyň gujagynda ýaýnaýan her bir raýatyň ýüregi mähriban we Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşly sözlerden püre-pürdür.
Garaşsyzlyk! Sen biziň ilimize egsilmez bagt bolup geldiň, kalbymyza buýsanç nuruny çaýdyň! Güýjümize güýç goşduň, başymyzy gök diretdiň, ýüreklerimize ajaýyp, gaýtalanmajak owaz bolup dolduň! Hawa, Garaşsyzlyk şapagyny garşylap, özbaşdaklygyna gowşan türkmen halky pederleriniň gursagynda garran arzuw-umytlaryna ýetdi. Gülleýän, gül açýan gözel diýarymyz öz taryhyndaky beýik baýramçylyga – mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuny uly dabaralar bilen garşylaýan döwründe ýalkymly pursatlary başdan geçirýär. Halkymyza erkinligiň sergin şemalyny peşgeş beren Garaşsyzlyk datly miwelerini eçilip, bizi nurly ertire sary alyp barýar.
Garaşsyzlyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýär. Bu barada Hormatly Prezidentimiz: “Eziz Watanymyzyň – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ähli gujur gaýratymyzy gaýgyrman yhlas edeliň! Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!” diýip belleýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygyny berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup ýüreklere ornaýar. Garaşsyzlyk baýramçylygynyň belleniljek günlerinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş–medeni ähmiýetli binalaryň birnäçesi dabaraly açylar we ulanylmaga berler.
Hawa bu günki gün Garaşsyzlyga eýe bolan halkymyz dünýäde özüniň beýik döwletiniň gadyryny bilip, hözirini görüp ýaşaýar. Garaşsyzlygymyzyň 29 ýylynyň içinde gazanan üstünliklerimize ser salanymyzda, ençeme işleriň durmuşa geçirilendigine göz ýetirýärsiň. Üstünlikleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza tutýan tutumlarynyň mundan beýlägem pajarlap ösmegini, ýurdumyzyň asuda, halkymyzyň abadan bolmagyny arzuw edýärin. Türkmen halkyny eşretli zamana alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun! Şanly Garaşsyzlyk baýramy gutly-mübärek bolsun!
Nurgeldi NURGELDIÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
Teswirler