Aýdym-sazly dabara

Şu günler ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistanǃ» diýen çagyryşy her güni, her sagady şöhratly ýeňişlere beslenýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň keşbini bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýär.

Berkararlyk eýýamy Garaşsyz Watanymyzyň nurana keşbini has-da özgertdi, gözelleşdirdi. Şeýle joşgunly pursatlary başdan geçirýän günlerimizde Garaşsyzlyk baýramyny bellemegiň nähili ýakymlydygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Ine, ýakynda biziň bilim ojagymyz bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Institutyň mejlisler zalynda guralan dabara mugallymlardyr professorlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

«Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren aýdymlary, döwrebap röwüşdäki sazlary bu ýere ýygnananlarda hoşallyk duýgusyny döretdi.

Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Pursatdan peýdalanyp, ildeşlerimizi, hormatly Prezidentimizi Garaşsyzlyk baýramybilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Gözel Serdarowa
talyp

Şeýle-de okaň:
P.I Çaýkowskiniň 180 ýyllygyna bagyşlanan konsert
1-nji sentýabr konserti
Awazadaky gala konsertde Zara çykyş etdi
Sergeý Lazerew gala konsertde çykyş etdi
Baýramçylyk konsertleri geçirilýär
Halkara maýyplar gününe bagaşlanan konserti
Paýtagtyň seýilgählerinde açyk konsertler geçirilýär
«Döwletliler köşgünde» terbiýelenýän çagalar üçin ýörite konsert geçirildi
“Fewralyň joşguny” konserti

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok