Halk Maslahaty şu hepde geçirilýär

2020-nji ýylyň 25-nji sentýabry, anna güni Halk Maslahaty geçiriler. Maslahat Aşgabat şäherindäki Ruhyýet köşgünde geçer.

Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu mejlisde, ýurduň köpugurly syýasy, jemgyýetçilik, ykdysady meselelerine garalýar, kararlar kabul edilýär.

Halk maslahatynyň düzümine ýurduň ähli syýasy, jemgyýetçilik gatlaklaryndan wekiller gatnaşýar. Halk maslahatynyň mejlisiniň saýlan agzalary öz saýlanan dolandyryş-çäklerindäki ilatyň hal-ýagdaýy bilen ýakydan gyzyklanyp, olardan gelen teklipleriň üstünde işleýär.

Halk maslahatynyň düzümi, işiniň guralşy we ygtyýarlyklary baradaky kanun 2017-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda rejelenen görnüşi kabul edildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda kanuny üçin şu ýere salgylanyp bilersiňiz: http://minjust.gov.tm/tm/mmerkezi/doc_view_2lang.php?doc_id=15170

Şeýle-de okaň:
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde maslahat geçirildi
Konstitusiýada bitaraplyk ýörelgeleri
Berdimuhamedow: Indiki ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy giňden bellenip geçiler
Telekeçiler Halk maslahatyndan gelip çykan wezipeler barada maslahat geçirdi
Halk maslahaty öz işine başlady
Halk Maslahatynyň tanyşdyryş çäreleri geçirilýär

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok