Türkmen halkynyň gymmatlyklarynyň hatarynda durýan türkmen alabaý itleri ir döwürlerden bäri uly meşhurlyga eýe bolup gelýär. Çünki olaryň ynsana dostlugy, wepalylygy, akylly häsiýetleri köplere mälim. Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmen alabaýy” atly kitabynyň üç dilde çap edilmegi bolsa olaryň şol abraý-mertebesini ýene-de ýokary göterdi. Sebäbi bu kitapda tohum itleri hakynda aýdylýan gürrüňler, getirilýän rowaýatlar, hekaýatlar, olaryň ynsan bilen gatnaşygyny suratlandyrýan wakalar aýratyn ünsi çekýär. Şonuň bilen bilelikde-de bu kitapda türkmen alabaýlarynyň şeýle kämil derejä ýetmegi üçin köp zähmet çeken ata-babalarymyza çäksiz hoşallyk alamatlary aýdyň duýulýar.
Elbetde ildeşlerimiziň arasynda häzirki döwürde hem şeýle gadymy ýörelgäni, sungat derejesine ýetirilen hünäri höwes bilen dowam etdirýän adamlar hem az däl. Olaryň biri-de Aşgabat şäherimizdäki Berkararlyk etrabynyň Ata Döwletow köçesinde ýaşaýan Sanjar Öwezow bolmaly. Ol köp ýyllardan bäri türkmen alabaý itlerini saklamak, terbiýelemek, köpeltmek bilen meşgullanýar.
Sanjaryň aýtmagyna görä, onuň kalbynda alabaý itlerine bolan söýgi has ýaş wagty döräpdir. Olar Aşgabat şäherine göçmezlerinden öň şäherden birneme uzakda ýaşapdyrlar. Olaryň öýleriniň töweregi uly-uly ýylgynlar, ojardyr garaklar basyp giden giň meýdan bolupdyr. Olaryň arasynda şagal, tilki, hatda möjegem gabat gelipdir. Şeýlelikde olar towuk-torsa, goýun-guza howp salmanam durmandyrlar. Ine şonda Sanjarlaryň bu zatlarynyň goragçysy alabaý itleri bolupdyr. Sanjaryň kakasy Myrat aga hem türkmen itlerine ideg etmäge ýagny itçinaslyk, çopançylyk bilen kiçilikden meşgullanypdyr. Sebäbi bularda nesilden-nesle dowam edip gelýän däp-dessurlary bolupdyr. Itleriň aladasy bilen esasan onuň kakasy Myrat aga meşgul bolupdyr. Ol hemişe alabaý itlerine mähir bilen garap, olara diňe iým-içim taýýarlaman, eýsem, itleriň saglygy barada-da aladalanypdyr, ol bilen baglanyşykly däp-dessurlary-da ýerine ýetiripdir. Meselem täze doglan alabaý güjükleriniň gulagyny-guýrugyny kesmek, olara köp endikleri öwretmek işlerini Myrat aganyň özi edipdir.
Sanjar: “Kakamyñ itlere bolan çäksiz mähir, aýratyn ýakymly garaýşy bardy. Onuň ýadaman-ýaltanman alabaý güjüklerini ýuwup, arassalap, olaryň aýratyn ýatak jaýlary, hersini aýratyn naharlaýşyny görüp haýran galaýmalydy. Özem olaryň her bir hereketine esewan ederdi, sähelçe üýtgeşmesine üns bererdi. Ynha, men günleriň birinde kakama kömekleşip ýörkäm, kakama sorag berdim: “Kaka Akçoluk itiň dem alyşy näsaz?” diýip, soramda kakam maňa şeýle jogap berdi: “Oglum uludan demini alýan bolsa onda itiň naharyny üzärligiň üstünde ber” diýdi. Soň görüp otursam kakam şol üzärligiň itleri her dürli kesellerden goraýandygyny bilip, şeýle diýýän ekeni. Kakam bu itiň adyna Akçoluk dakmagynyň sebäbi hem, kakam çopan bolan üçin, meniň ýanyma ýoldaş diýip Akçoluk adyny dakypdyr. Günleriň birinde kakam ýadaw geldi, maňa bolsa: “Akçolugy naharla!” diýeninde, men gatyk bilen jylka eti beripdim, ine birhaýypdan soň Akçoluk birden iki gözi dört bolup başlady, onuň endamy titiräp kem-kemden ýere ýatmak bilen boldy. Men hem gorkup ylgap baryp kakama aýtdym, kakam çaý içip oturan ýerinden zaňňa galdy-da Akçolugyň ýanyna baryp, onuň endamyny sypalap görse endamy gatapdyr, soňra onuň agzyny açyp görende onuň dişleriniň aşagyndaky hamlary gyzyl bolmagyň deregine ap-ak, men bu zatlary görüp aglap: “Kaka inni näme bolar?” diýip soramda, kakam maňa: “Bar, pagta ýagyndan ýarym litr al hem-de üzärlik bilen ýyljak suw getir” diýdi. Bu zatlaryň hemmesini getirenimden soňra, kakam ýarym litr pagta ýagyny itiň agzyny açyp guýdy, soňra ýyljak suwuň içine üzärligiň dänelerini atyp, onuň agzyna guýdy, soňra iti suwa düşürip, iki-üç sagatlap arassa howada aýladyk, soňra bolsa Akçoluk ýuwaş-ýuwaşdan açylşyp başlady. Men hem bu zatlary bilip-bilmän berenim üçin kakamdan ötünç soradym, kakam ýylgyrdy-da: “Borla, oglum bular ýaly säginlikleri men kän başymdan geçirdim” diýşini” bize hem gürrüñ berdi.
Ine häzir hem Sanjarlaryň howlusynda itleriň hem-de güjükleriň bir topary bar. Olaryň her birine özüne mynasyp at hem goýupdyr: Bürgüt, Goňur, Aýhan, Garahan, Garadag, Akja…
Bu itleriň salyhatlylyk bilen aýlanyp ýörişleri diýseň ýakymly görnüşi döredýär. Dogrusy şeýle köp alabaýyň bir ýere jem bolup, arkaýyn gezim edişlerini synlamak hemişe miýesser bolup hem duranok. Ýöne Sanjarlaryň howlusynda welin muňa doly mümkinçilik döreýär.
“Häzirki döwürde bu alabaýlar bilen köp çärelere, dabaralara gatnaşýarys” diýip, biziň soramakçy bolýan zadymyzy aňan ýaly Sanjaryň özi şeýleräk dillendi: “Biz muňa, Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen alabaýlaryna berýän ünsüne juda guwanýarys. Bu bir ata-babalarymyzyň eý görüp saklan, iýmän iýdiren, bar baýlygyny ynanan jandary. Onsoň oňa hormat goýmak, mümkinçilik boldugyndan hyzmat etmek biziň hem borjumyzdyr.”
TOHU-nyñ talyby
Hakberdi Çarybaýew
Teswirler