Türkmenistan ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Bu bolsa ata-watanymyzyň at-abraýynyň halkara derejelerine göterilmegine uly itergi berýär. Şoňa görä-de ýurdumyzyň ylym-bilim, sungat, medeniýet, sport ulgamy şonuň bilen bir hatarda oba hojalyk pudagy hem güýçli depginlerde ösdürilýär. Garaşsyzlygymyzy alanymyza 29 ýyl bolanyna garamazdan Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Türkmenistan ýurdumyz ösen döwletleriň hataryna goşulmagy başardy.
Şeýle gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň hukuk binýady hem güýçli depginde tutuldy. Ata-Watanymyzyň her bir pudagyny ýokary derjelerde hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän derejelerde ösdürmek we şol derejeleri pugtalandyrmak ýokary gözegçilikde saklanýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýelemelidir, şünki biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris” diýip belleýşi ýaly ýurdumyzyň ähli pudaklary ylmy esasda ösdürilmäge başlandy. Muňa mysal edip oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilişini mysal getirmek bolar. Ýagny ýurdumyzda hereket etýän biogumus öndürýän biolaboratoriýalary, oba hojalyk ekinlerine zyýan berýän zyýankeşlere garşy ýörite peýdakeş entomofaglary öndürýän biolaboratoriýalary görkezmek bolar. Bu öndürilýän biogumus özüniň ekologiki taýdan arassalygy bilen diýseň tapawutlanýar. Biogumus häzir organiki dökünleriň içinde iň bir amatlysy hem-de daşky gurşaw üçin zyýansyz hasaplanýan dökünleriň biridir.
Biz hem Türkmenistanyň Pezidentiniň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda “Ýaşlar biziň geljegimiz, ertirki güne bolan ynamymyzdyr!” diýen pähimli jümlelerinden ugur alyp, Biziň baýry ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmen Oba Hojalyk Uniwersitetiniň agzybir talyp ýaşlary bolup, esasy okuwlarymyzdan boş wagtlarymyz uniwersitetimiziň çäginde hereket edýän biolabaratoriýalarda özümiziň nazary bililmlerimizi tejribelikde berkitýäris.
Ynha, bu gün hem Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy köşgünde “Türkmenistanyň Ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna” bagyşlanan sergisinde ýurdumyzyň öňňdebaryjy pudaklarynyň önümleri, şeýle-de ussat telekeçileriň önümleri ýokary derejelerde ýaýbaňlandyryldy. Bu sergi 2020-nji ýylyň 19-20-nji sentýabry aralygynda öz işini dowam etdirer. Bu sergide Garaşsyz Türkmenistanyň iň öňdebaryjy telekeçileriň önümleri ýokary ussatlyk bilen görkezilipdir. Bu sergide her bir telekeçiniň ýurdumyzda öndürýän önümleri özüniň ýokary hilliligi bilen daşary döwletleriň önümleri bilen bäsleşmäge ukuplydyr. Dokma pudagynyň önümler, oba hojalyk pudagynyň önümleri, çörek önümleri, dürli görnüşdäki kofe we suwlar özleriniň ekologiki taýdan arassalygy hem-de adam saglygyna oňaýly täsiri bilen düýpgöter tapawutlanýar.
.
Sapargulyýewa Aýsenem,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Teswirler