Internet dükanlaryň işiniň kynçylyklary

Häzirki döwürde elektron söwda işewürligiň öňdebaryjy ýerlerinden birini eýeleýär: zerur harytlary we hyzmatlary hödürleýär, materikleri we ýurtlary birleşdirýär. Onuň kömegi bilen harytlar dünýäniň uzak künjeklerine eltilip bilner.

Internet tehnologiýalary pudagynda işe başlaýan telekeçileriň aşakdaky toparlamasy bar:

1) täze başlanlar;
2) bölek satyjylar;
3) lomaý satyjylar;
4) programmistler;
5) döredijiler;
6) tötänleýin bu işe başlan telekeçiler

Ýurdumyzda gitdigiçe giň gerime eýe bolýan onlaýn-dükünlaryň işi hem öz gezeginde ýokarda aýdylanlardan nyşandyr. Muňa garamazdan internet üsti bilen söwdany amala aşyrmaklygyň hem öňünde durýan käbir meseleleri hem bellemelidir.

Ilkinji nobatda häzirki wagtda elektron söwdanyň biziň ýurdumyzda daşary ýurtlar bilen deňeşdireniňde heniz “ýaş” gurşaw bolup durýandygyny bellemeklik gerekdir.

Muňa garamazdan biz hem öz gezegimizde daşary ýurt tejribesini, olaryň alyp barýan işleriniň aýratynlyklaryny seljermekligiň netijesinde onlaýn-dükanlaryň şu aşakda getirilen kynçylyklar we ýalňyşlyklar bilen duş gelmeklik ähtimallygynyň ýokarydygyny bellemeklik bilen olary aýratynlykda getirmekligi makul bildik:

Ýalňyşlyk # 1: Onlaýn dükanyň nädogry saýlanan ugry.

Men näme satjak we näme üçin diňe şu harydy? Islendik onlaýn dükan öz işini bu soragdan başlamalydyr. Bu soragyň jogabyny tapmaga diňe ýokary derejeli we oýlanyşykly bazaryň derňewi ýardam eder. Goňşusynyň önümi gowy gidýän bolsa, bu siziň şuňa meňzeş ýagdaýyň boljakdygyny aňlatmaýar.

Ýalňyşlyk # 2: Hünärmen hyzmatlaryndan ýüz öwürmek

Işiň geljekki keşbini öz göz öňüne getirmek gowudyr, emma satyjy şol bir wagtyň özünde hem gowy dolandyryjy, hem öňdebaryjy dizaýner, tejribeli smm-hünärmen, eltip beriji we ş.m. bolup bilmez. Şonuň üçin hem ygtyýarlyklary paýlamaklygy we hünärmenlere ynam bildirmekligi başarmaly. Onlaýn dükanyň eýesiniň esasy borjy- öz talaplaryny mümkin boldugyça doly suratlandyryp degişli tabşyryklary bermekdir. Mundan başga-da sargyt edilen harytlaryň barlygy-ýoklugy barasyndaky maglumatlary sagatlaýyn diýlen ýaly öwrenilip durulmalydyr.

Ýalňyşlyk # 3: “Sahypany owadan ederis we satuwlar hem öz-özünden bolar”

Dizaýnerçilik nukdaý nazaryndan gelşikli saýty sargyt edýän we satuw funksiýalaryny ýatdan çykarýanlaryň adaty ýalňyş pikiri. Ýa-da başga bir wariant: sahypany tehniki ýumuşda mümkin bolan ähli funksiýalary goşmak bilen birbada hemme zatlar bilen ýüklemek. Ikisem aşa geçme bolup durýandyr.

Şübhesiz, onlaýn dükanyňyzyň görnüşi we duýgusy ýatda saklanmalydyr, ýöne ilkinji nobatda satuw platformasydygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Şonuň üçin häzirki wagtda zerur satuw mümkinçilikleri bilen dükany açyň.

Ýalňyşlyk #4:  web sahypasynyň mahabaty

Sahypanyň satuw mümkinçilikleri öňünden çaklanylmalydyr. Diýmek siz saýtyň maksat edinilýän müşderiler toplumyny, onuň zerurlyklaryny we satyn alyp bilijilik ukyplaryny göz öňünde tutmaysyňyz. Sizde marketing meýilnamasy we saýty öňe sürmekligiň meýilnamasy bolmalydyr.

Ýalňyşlyk # 5: saýtyň mazmununyň we harydyň beýan ediliş hiliniň pesligi.

Saýtyň kontenti-bu onuň doldurylyşydyr. Bu saýtyň myhmanlarynyň ünsüni çekmeli, olara ýardam etmeli maglumatlar toplumydyr.

Ýalňyşlyk 6: sargyt formasy çylşyrymlylygy we amatsyz söwda sebediniň amatsyzlygy.

Siziň saýtyňyza gelen satyn alyjyda köplenç wagty çäkli bolup durýandyr. Şol sebäpli hem bu wagt rejeli peýdalanymaly. We iň giň ýaýran ýalňyşlyklaryň biri hem, sargyt etmegiň örän kyn we çylşyrymly bolmagydyr. Bu bolsa müşderileri saýtdan gitmege hem iterip bilýändir.

Ýalňyşlyk #7: Telekeçilikde tejribäniň we bilimiň ýetmezçiligi.

Saýtyňyza internet-söwda köplenç offlaýn söwdadan geläýrler. Bu hem düşnükli: uzakara satuwlar orta we kiçi telekeçiler üçin özboluşly çykalgadyr.

Söwda we ammar binalarynyň kärendesi, satyjylar toparyny saklamaklyk, salgyt we jemgyýetçilik harajatlar-bularyň hemmesi kiçi telekeçilige uly ýük bolup durýar. Emma ineternet söwdasy azda-kände amatly görünýän hem bolsa, bu ýerde hem öz aýratynlyklary we çözülmeli meseleleri bardyr.

Şu ýokarda getirilen ýalňyşlyklary öwrenilse onlaýn söwdada köp säwlikleri goýbermezlige ýardam eder diýip umy edýäris.

Bagtyýar Gurbansähedow

Awtoryň beýleki makalalary:
Kontaktsyz tehnologiýaly ýanyň bilen göterilýän (bedene dakylýan) enjamlar
Nagt däl tölegleriň​ adaty däl usullary
Adidas “smart” krassowka öndürip başlady

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok