“Biznes Türkmenistan” habarlaryna türk dili goşuldy

“Biznes Türkmenistan” internet neşri Türkmenistandan we dünýäniň dürli künjeklerinden öz okyjylarynaa biznes maglumatlaryny, habarlary we analizleri yzygiderli ýetirip, spinoff ýa-da startup kompaniýalary, maýa goýujylary, telekeçileri, importçylary, eksportçylary we sarp edijileri dürli ugurdaky habarlar, maglumatlar we ideýalar boýunça işjeň aragatnaşyga birikdirýär.

Açylan güni, ýagny 2019-njy ýylyň 1-nji iýundan bäri gysga wagtda reýtingde ýokary galmagy başardy. Häzirki wagtda Google News we Yandex News habar platformalarynyň agregatlarynyň sanawyna goşuldy.

Ilki başda 3 dilde, ýagny türkmen, rus we iňlis dilinde kontentleri bilen işläp başlan bu habar saýtyna indi türk dili hem goşuldy. Türk diliniň goşulmagy bilen Türkmenistanyň söwda-ykdysady ösüşleri bilen ýakyndan gyzyklanýan işewürleriň, maýa goýujylaryň maglumat üpjünçiligi barada islegleriniň kanagatlandyrylmagy garaşylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok