Saglyk – altyndan-da gymmat

Adamyň saglygyndan öňe geçjek zat ýok. Durmuşda arassaçylyk esasy orny eýeleýär. Arassaçylyk, päkizelik, tämizlik bu maşgala ojagyndan başlanýar. Şol sebäpli hem bu kadalar öňi bilen maşgalada berjaý edilmegi zerurdyr. Şeýlelik bilen biz özümize gowy seredip, beden saglygymyz üçin peýdaly bolan ähli zatlary endik etdirmäge çalyşmalydyrys. Ilkinji nobatda öýler, gap-gaçlar süpürilip, arassalanylyp, wagtly-wagtynda tämizlenilip durulmalydyr. Her gün ir bilen penjireleri açyp, otaglary ýelejiretmelidir, otaglary  ýelejiretmek penjireleri açanyňdan soňra penjiräniň  öňinde durmak  maslahat berilmeýär. Öýlerde maşgala agzalarynyň her biriniň diş ýuwujy serişdeleriniň, süpürgiçleriniň, elýaglyklarynyň aýratyn bolmagy hakynda alada edilmelidir.

Daşardan gelenleriňizden soňra, elleriňizi sabyn bilen ýuwmagy, hem-de, bu hereketi nahardan öň hem soň dowam etdirmegi öwrenmelidir. Sebäbi biziň her birimiz ellerimizi wagtly wagtynda sabynlap ýuwmak bilen biziň bedenimizi zyýanly mikroplardan goramagyň iň ygtybarly serişdesidir. Şonuň ýalyda adam köpçülik ýerlerine barylanda, ulaga münülende, düşülende hemişe  zyýansyzlandyryş serişdelerini ýany bilen göteren adamlar ýylyň ähli paslynda özleriniň saglygyny  gorap bilerler.

Şeýle hem maşgala lukmanlaryndan görkezmelerinden  birugsat, derman serişdeleriniň ulanylmagyna (aýratyn hem antibakterial serişdeleri) ýol berilmeli däldir. Hazirki wagtda her bir adam bir günüň dowamynda 2.5-3 litre golaý arassa  suw içmeli, dürli  witaminlere baý bolan miweleri, gök önümleri iýmeli. Köpräk şypaly derman otlaryndan taýýarlanylan çaýlardan içmeli. Şonuň ýaly-da, ylgamagyň, maşk etmegiň, pyýada ýöremegiň ynsan saglygyna peýdasy uludyr. Biziň ýurdumyzda adam saglygy  hakda edilýan aladalar giň gerimde alnyp barylýar.

Babaýew Begendik
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Şeýle-de okaň:
Döwrüň ösüşi lukmançylyk pudagyna hem öz täsirini ýetirýär
Koronawirus gyzgyn liniýasy hyzmatda
Sagdyn nesil bilen geljege gadam
Saglyk ýoluna ýöriş gurnaldy
Bütindünýä saglyk gününe «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
AŞGABATDA BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI BELLENILDI
SAGLYK ÝOLUNA ÝÖRIŞ GURALDY
Saglyk pudagyndaky soňky ösüşler üns merkezinde
Türkmenistanyň HBS-leriň işgärleri ÝUNISEF-iň maslahata gatnaşýarlar
Malaýziýadan uçar geldi
MEKDEP OKUWÇYLARY LUKMANÇYLYK BARLAGYNDAN GEÇÝÄRLER

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok