ILKINJI MILLI ÇEPERÇILIK MEKDEBINE 100 ÝYL

Türkmenistanyň bugünki çäklerinde dörän ilkinji çeperçilik mekdebi bolan Gündogar Sungatynyň Zarpçy Mekdebiniň açylanyna 100 ýyl doldy.

Bu şekillendiriş sungat mekdebi 1920-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde zähmet çeken rus suratkeşleriň Ilýa (Ruwim) Mazeliň we Aleksandr Wladyçugyň tagallasy bilen ülkämizde ilkinji sungat ojagy bolup düzülýär. Bu mekdep sungat ulgamyna tebigy zehini bolan islendik işçini we ýaş suratkeşleri birleşdiripdir. Türkmenistanda türkmen halky üçin medeniýetiň täze kysymlary – bilim, neşir we gaýry görnüşleri ýüze çykypdyr.

Ýörite derslerden mugallymlar Ilýa (Ruwim) Mazel (1890-1967 ýý.) bilen Aleksandr Pawlowiç Wladyçuk (1894-1956ýý.) Türkmenistanyň geljekki sungaty hakynda aladalanmak bilen, işjeň döredijilik göreldesini görkezip, okuwçylarynyň tebigy başarnygyny we nakgaşlyk ukybyny aýawlylyk bilen ösdüripdirler, olaryň her biriniň özboluşlygyny ýüze çykarypdyrlar. Bu mekdebiň ilkinji uçurymlarynyň biri ýerli ilatyň wekili Bäşim Nuralydyr. Uly sungata gadam basyp, uzagyndan Türkmenistanyň hakyky halk suratkeşi diýen ada eýe bolupdyr.

Mekdebiň okuw maksatnamasynda nakgaşlyk, arhitektura, heýkeltaraşlyk,  teatr we sazçylyk sungaty we  umumy bilim beriji dersler bolupdyr. Okuwçylaryň esasy ünsi naturadan çekilýän galamsurada berilip, golaýdaky obalara ýygy-ýygydan baryp, naturadan surat çekipdirler, ýerli ilatyň ýaşaýyş-dyrmyşyna syn edipdirler. Olaryň eserleri kompozision, reňk we giňişlik meseleleri çözülen ilkinji özbaşdak döredijilik işleridir. Mugallymlar ilkinji nobatda Günbatar Ýewropanyň we rus şekillendiriş hem çeperçilik sungatlarynyň däp bolan esaslaryna we ýeten sepgitlerine eýeripdirler. Şol bir wagtda türkmen halk sungatyny we onuň däplerini mugallymlar uly üns bilen öwrenipdirler.  

Bu ilkinji sungat mekdebinden çykanlar – Bäşim Nuraly, Olga Mizgirýowa, Sergeý Beglýarow, Nikolaý Kostenko we başgalar gelejekki milli şekillendiriş sungatynda sungatyň esaslaryny düzüpdirler. Häzirki wagtda hem biziň milli çeperçilik sungatymyz öz köküni bu mekdepden alyp gaýdýar.

Mekdebiň höwesjeň ýolbaşçylarynyň zähmeti mekdebiň binýadynda Türkmenistanyň soňrakky çeperçilik medeniýetiniň gurulmagyny dowam edýär. Olaryň gözlegleri Gündogaryň Zarpçy sungat mekdebiniň okuwçylaryna Türkmen medeniýetiniň altyn gaznasyna giren, çeperçilik özboluşlylygy boýunça üýtgeşik, ýerine ýetiriliş tärleri boýunça nepis we näzik, şol bir wagtda hakykatçyl hem durmuşy eserleri döretmäge ýardam beripdir. Türkmen şekillendiriş sungatynyň döreýiş taryhy hut şol okuwçylara degişlidir we Gündogaryň Zarpçy sungat mekdebi türkmenler üçin sungatyň täze görnüşiniň esasy bolup hyzmat edipdir.

Ogulabat Muhatowa, sungat tankytçysy

Türkmenistanyň sungatda at gazan işgäri 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok