Täze “Türkmeniň Ak öýi” gurulýar

Daşoguz welaýatynyň günorta günbatarynda “Türkmeniň Ak öýi” binasyny gurmak üçin gurluşyk işleri dowam edýär. Binanyň gurluşygy şäher meýilnamasynyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Desgada Türkmeniň milli binagärlik aýratynlygy göz öňünde tutulan.
Bu ýerde diňe medeni çäreleri däl, eýsem uly göwrümli forumlary hem geçirmek üçin ullakan konsert zallary ýerleşdiriler. Şeýle hem bu ýerde sadaka üçin zalyň, ofisleriň, dynç alyş ýerleriniň bolmagy üpjün ediler. Konsert zaly dürli yşyklandyryş enjamlary, akustiki ulgamlar we beýleki zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylar.
Binanyň umumy meýdany 10,5 ga. bolup, 3 müňden gowrak tomaşaça niýetlenendir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok