Malaýziýadan uçar geldi

Çarşenbe güni irden Kuala Lumpur şäherinden gelen “Malaysian Airlines” kärhanasynyň uçary Türkmenabat halkara howa menzilinde gondy.

Ýörite çarter uçuş Malaýziýanyň Petronas kompaniýasy tarapyndan gurnaldy. Türkmengaz döwlet konserni we iki ýurduň ilçihanalary çarter uçuşyň guramaçylygynda hyzmatdaşlyk etdi.

Uçar Petronas Çarigali Türkmenistan kompaniýasynyň Türkmenistandaky işgärlerini täzelemek üçin täze işgärlerini getirdi. Şeýle-de bu uçarda epidemiýa sebäpli Malaýziýada galan türkmenistanly raýatlar hem geldi.

Bütindünýä Saglyk guramasynyň maslahatlary esasynda gelen raýatlaryň ählisi wagtlaýyn karantin şertlerinden geçiriler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok