Täze okuw ýylynyñ başlanmagy bilen Türkmen döwlet maliýe institutynda bakalawrlary taýýarlaýan täze hünär açylyp, hünäre 20 talyp kabul edildi.
Täze hünäriñ açylmagy, täze ýokary okuw jaýyna gadam basan talyplaryñ halkara maliýe gatnaşyklarynda ýüze çykyp biljek birnäçe çylşyrymly meseleleri çözüp bilijilik ukybyny kämilleşdirip, halkara walýuta-karz we maliýe gatnaşyklary, halkara töleg ulgamlary, gazna biržasy, maliýe hukugy, maliýe gözegçiligi, maliýe, dünýä maliýe bazarlary, halkara maliýe we beýleki birnäce dersler boýunça häzirki zaman döwrwbap derslerinden bilimlerini alarlar. Şeýlelikde, talyplar hünär boýunça maliýe ulgamyna girýän düzüm bölekleriniň girdejilerdir çykdajylaryny we peýdasyny dolandyrmagy guramak, maliýe bazarynda hereket edýän döwlet we kärhana gymmatly kagyzlar boýunça girdejililigi hasaplamak, dünýä maliýe bazarynda hereket edýän halkara gymmatly kagyzlar boýunça amallary geçirmek, halkara maliýe gatnaşyklarynda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, walýuta, gazna, şeýle hem maýa goýumlar bazarynda hereket edýän maliýe gurallarynyň netijeliligini kesgitlemek ýaly birnäçe hünärleri ele alarlar.
Teswirler