Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak ýörite şygar astynda indi asylly däbe öwrüldi. Ol şygarlarda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler, beýik maksatlar aýdyň şöhlelenýär.
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyna 25 ýyl dolýar. Şoňa görä-de, üstümizdäki ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýip yglan edilmegi türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini giňden dabaralandyrmaga, onuň sebitde we tutuş dünýäde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekdäki ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmäge täze mümkinçilikleri açmak bilen, milli Liderimiziň bu ugurdaky halkara başlangyçlaryny durmuşa ornaşdyrmaga mynasyp goşant goşýar. Bu bolsa ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan ýörelgeler esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek işinde özboluşly gural bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň esasynda iki gezek ykrar edilmegi we dünýä ýurtlary tarapyndan biragyzdan goldanylmagy hem “Türkmenistan – Bitaraplygyň
mekany” ýylynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda uly üstünliklere ýetiljekdigini durmuş subut edýär.
“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanan halkara ähmiýetli çäreler, şeýle-de sebit we dünýä parahatçylygynyň we durnukly ösüşiniň, özara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini öňe sürýän iri halkara maslahatlar we forumlar geçirmeklik meýilleşdirilýär.
Il-halkynyň eşretli ýaşaýşy, dünýä halklarynyň parahatçylygy,
abadançylygy ugrunda ägirt uly tagallalar edýän hormatly Hormatly Prezidentimiziň jany sag, asylly başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç bolsun.
“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylymyzda ata-Watanymyz milli Liderimiziň baştutanlygynda täze ösüşlere we belent sepgitlere eýe bolsun.
Narmetowa HURŞIDA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Teswirler