Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ak bulut» haryt nyşanly hojalyk harytlaryny öndürýän «Türkmeniň rysgaly» hususy kärhanasynda diş arassalaýjy we gap-gaç ýuwujy serişdeleriň, päkileriň we sabynlaryň, şampunlaryň dürli görnüşleri öndürýän täze bölüm işe girizildi. Bu barada žurnalist Muhammet Bekgiýew «Rysgal» gazetiniň 31.08.2020-nji ýyl senesinde çykan sanynyň 5-nji sahypasynda neşir edilen «Ak bulut: päkizeligiň nyşany» atly makalasynda habar berýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmeniň rysgaly» hususy kärhanasy tarapyndan dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümler bolan çaga arlyklarynyň, çygly süpürgiçleriň hem-de egin-eşik ýuwujy we tämizleýji serişdeleriň uly tapgyry öndürilýär. Kärhanada ekologiýa taýdan arassa matadan taýýarlanylýan çaga bedenini tämizleýji, derini ýumşadyjy we çyglandyryjy, egin-eşikleri arassalaýjy hem-de olara ýakymly ys beriji bu hojalyk harytlary özüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Harytlyk derejesi ýokary bolan we dürli görnüşli döwrebap gaplara gaplanylan bu harytlar elýeterli bahalardan ilatymyza ýetirilýär.
Kärhanada täze önümçilik bölüminiň işläp başlamagy bilen senagat we gündelik sarp edilýän önümleriň birnäçe görnüşi öndürilip başlandy. Bu ýerde «Ak bulut» haryt nyşanly diş arassalaýjy serişdeleriň birnäçe görnüşleriniň öndürilip başlanmagy kärhananyň işgärleriniň halkymyzyň hojalyk önümlerine bolan isleglerini yzygiderli öwrenip durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Kärhanada dürli ýerli çig mallary peýdalanmak arkaly dürli görnüşli päkileri öndürmegiň ýola goýlandygyny aýratyn bellemek gerek. 2 we 3 kesijili (almazly) päkileri öndürmek işleriniň göwnejaý ýola goýulmagy öňdebaryjy kärhananyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda gazanan uly üstünlikleriniň biridir.
Kärhanada köp maksatly önümçiligiň giňeldilmegi netijesinde ösümlik ýaglaryna dürli hoşboý ysly goşundylary goşmak arkaly suwuk we hojalyk sabynlary hem öndürilip başlandy. Ösümlik sabynyndan taýýarlanylýan sabynlar bakteriýalary goramak häsiýetine-de eýedir. Kuwwatly enjamlaryň sazlaşykly işledilmegi netijesinde öndürilýän hojalyk sabynlary 125 gram agramlykda taýýarlanyp, göze gelüwli gaplara gaplanylýar. Bu bölümde şampun we dürli görnüşli gap-gaç ýuwujy serişdeleri öndürmek işlerem guramaçylykly alnyp barylýar. Kärhananyň barlaghana bölüminde bolsa, gündelik öndürilýän önümleriň hil derejesine berk gözegçilik edilýär. Häzirki wagtda kärhanada her aýda ýokary hilli diş arassalaýjy serişdeleriň ortaça 500 müňi, sabynlaryň 2 milliony, päkileriň bir milliony, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň bolsa 300 müň gaby öndürilýär. Işewür telekeçiler bu döwrebap önümler bilen ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini üpjün etmek bilen birlikde, daşary ýurtlaryň birnäçesine eksport hem edýärler.
Teswirler