Malaýziýadaky raýatlar üçin Türkmenistana uçuş gurnalar

Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli 15-nji sentý­abrda Malaý­ziýada galan türkmeni­stanlylar üçin ýörite­ uçuş guralar. Bu bar­ada ArzuwNews habar berýär.

Amala aşyryljak ýörite uçar gatnawy ilkiMala­ýziýanyň KLIA how­a menzilinden Doha (K­atar) barar, soňra 16-njy sentýabrda­ Dohadan Türkmenabat ­we Türkmenbaşy howa m­enzillerine uçar.

Türkmenistana dola­nmak isleýän ildeşler­imiz 15-nji sentýab­rda KLIA (Kuala Lumpur halkara howa menzili­ne) gelmelidigi, ýanlarynda bolsa degişli resminamalar bilen bilelikde, tassyklanan nusgada CO­VID-19 ýokanjynyň ­ýokdugy baradaky şahadatnamanyň bolma­lydygyny Malaýziýanyň ilçihanasy habar berýär.

Şeýle-de okaň:
Türkmenistanyň raýatlary Belarusdan ýörite uçuş bilen Türkmenabat şäherine geldi
Türkmenhowaýollaryň halkara uçuşlary ýene 1 aýlyk yza süýşürildi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok