Enzo Ferrari nädip başardy

1898-nji ýylda Italiýada dünýä inen Enzo Ferrariniň kakasy demir ussasydy. Enzony maýyplygy sebäpli harby gulluga almaýarlar. Enzo ilkibaşda awtomobil fabriklerinde gara işler bilen öz güzeranyny dolandyrmaga çalyşýar.

Ýöremekde kynçylyk çekýän Enzo wagtyň geçmegi bilen yzyndan hiç bir maşynyň ýetip bilmeýän sport awtomobilini öndürýär. Hatda 1920-nji ýylda, ýagny 22 ýaşynda Beýik Sisiliýa ýaryşlarynda, bir tarapy ysmaz bolan bu “ýarym adam” birinjiligi gazanýar.
Ýaryşlarda we öndüren awtoulag görnüşlerinde uly üstünliklere ýetendigi üçin, oňa şol wagtlar Italiýanyň baştutany Benito Musollini Enzonyň 30 ýaşy dolan gününde naýbaşy medallaryň biri “Commendatore” has takygy “Görnükli serkerde” atly medalyny gowşurýar.

Enzo biraz wagt geçenden soňra işdeşi Alfa Romeo bilen gatnaşyklaryny kesip, özüniň FERRARI kompaniýasyny gurýar. Kompaniýa uly şöhrata eýe bolýar.

1946-njy ýylda iş ýerinde näbelli sebäplere görä iki gezek ýangyn döreýär. Muňa garamazdan Enzo Ferrari bes etmeýär we üçünji gezek gaýtadan iş ýerini dikeldýär we bir ýyllap ol ýerden hiç bir ýere aýrylman işleriň alnyp barlyşyna doly gözegçilik edýär.

Bir ýyldan soňra köpçüligiň arasyna täze önüm bilen çykýar: FERRARI FORMULA 1. Ýagny dünýäniň ilkinji ýaryş awtomobili: FORMULA 1.
1949-njy ýylda Ýewropa awtomobil ýaryşlarynda Ferrari Formula 1-iň birinji gelmegi, bu awtomobili dünýä derejesindäki meşhurlyga ýetirýär. Ferrari awtomobil öndürmegini we ýaryşlara gatnaşyp, birinji orunlary eýelemegini dowam edýär…

Ferrariniň guran “Auto Avio Costruzinoni Ferrari” atly bu kompaniýasy soň-soňlar dünýäniň iň meşhur kompaniýalarynyň arasyna girýär we girdejileri millionlarça dollarlara barabar bolýar.

Enzonyň ösüşinde Rimdäki howa ýollar hemde Breda fabrikleriniň uly ähmiýetiniň bardygyny hem bellemek zerurdyr. Lemans ýaryşlarynda Formula 1 baş baýraga mynasyp bolýar. Üç ýyl soňra Ascari adynda geçirilen sport awtomobilleriniň arasyndaky ýaryşda hem dünýäniň çempiony bolýar.

Enzo Ferrari kompaniýanyň işgärleri bilen aýratyn maşgala kimin gyzyklanypdyr we kompaniýasynyň işgärlerine maşgalasy ýaly garapdyr. Enzo halk köpçüligi tarapyndan hem söýlüpdir.
Awtomobil ýaryşlary meselesinde ägirt uly üstünliklere eýe bolan Enzo kompaniýanyň gurluşygynda 2 gezek ýangyn çykmagy netijesinde maddy taýdan uly ýitgilere sezewar bolýar we kompaniýanyň gelejegi üçin onuň bir bölegini Torino şäherindäki FIAT kompaniýasyna satmaga mejbur bolýar.

Ferrari ösüşleriniň dowamynda Mussoliniden ikinji gezek baş baýraklaryň biri hasaplanýan «Commendatore» atly medalyny alýar.
Enzo 1980-nji ýyla çenli birnäçe gezek dünýä çempiony diýen ada mynasyp bolup, soňra aýratyn sport awtomobillerini öndürmäge başlaýar. Bu awtoulaglar dünýäniň her künjeginde ýokary hilli awtomobilleriň hataryna girýär.

Awtomobilden başga-da Ferrari ady bilen birnäçe awtomobil esbaplaryny öndürýär.

Soň-soňlar ýaşy birçene baran Enzo Ferrari kompaniýanyň işlerinden uzaklaşýar we wagtyny diňe ýaryşlara sarp edýär.

Onlarça ýyllar mundan ozal hem aramyzda bolan we maýyp diýip kemsidilen bu adam bu gün hemmämize belli, meşhur bolan sport awtomobilleriniň eýesidir. Enzo Ferrari ýarawsyzlygy sebäpli 1990-njy ýylda, 92 ýaşynda aradan çykýar.

Garýagdyýew MYRAT
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Şeýle-de okaň:
Elon Musk köpleri haýrana goýyar
Şu wagt ýa-da hiç haçan…
5 – nji awgust Halkara ýol yşyk çyralarynyň güni

Abdulkerim Hamadowyň awtohabarlary:
“Türkmensährasy – 2019”: BMW-den täze model awtomobil
«Türkmen Sährasy-2019» dünýäniň awtoulag senagatynyň we hyzmatynyň mahabat meýdançasy bolar
Täze Lexus modelleri Türkmensähra-2019 awto sergisinde görkeziler
Aurus Senat S600
2020 Mercedes-Benz GLE Coupe
Bugatti Chiron ýokary tizlikde dünýä rekordyny täzeledi
Genesis G90
Tesla Model 3
Toyota Corolla 2019
2020 Audi RS7 Sportback
BMW X5M(F95) we BMW X6M(F96)

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok