Jebel şäherçesinde ses we ýylylyk saklaýjy serişdeler öndüriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde bazalt inçe süýüminden, mineral pamykdan ses we ýylylyk saklaýjy serişdeleri öndürýän täze kärhananyň guruljaklygy barada hasabat berdi.

Bu kärhana Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20 nji fewralynda gol çeken “Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020-2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalarynyň gurluşygy hakynda” Kararyna laýyklykda gurlar.

Bu kärhana üçin tehnologik enjamlary satyn almak we ony gurnamak barada halkara bäsleşiginiň geçirilendigi we ýeňijileriň kesgitlenendigi barada TDH habaryna salgylanyp,  tmcars.info internet saýty habar berýär.

Laçyn HOJAÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Şeýle-de okaň:
Türkmenistanda ýokary hilli penopolistirol önümleri öndürilýär
Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni

Habary başga çeşmelerden okaň:
https://business.com.tm/tm/post/6007/turkmenistan-to-launch-production-of-sound-thermal-insulation-materials
https://tmcars.info/news/show/2116069854?lang=tm
https://www.atavatan-turkmenistan.com/son-dakika-tm/ses-we-yylylyk-saklayjy-serisdeler-onduriler/
https://turkmenportal.com/blog/30310/v-dzhebele-poyavitsya-predpriyatie-po-vypusku-zvuko-i-teploizolyacionnyh-materialov
http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article24093&cat19

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok