Ata-Vatan Türkmenistan halkara žurnaly ýene bir döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
Garaşsyzlygyň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitap üçin täsirli makala, döredijilikli beýan ýazmak bäsleşigi yglan edilýär. Goşgy kabul edilmeýär.
24-nji sentýabra çenli dowam edýän bäsleşik “Saýlanan teswirler” ady bilen geçirilýär. Saýlanan 12 ýeňijä pul baýraklary garaşýar. Bäsleşik Ata-Vatan Türkmenistan Android APP tarapyndan hemaýatkärlik edilýär.
Üns bermeli möhüm zat, bu bäsleşik “Ata-Watan eserleri” atly döredijilik bäsleşiginden aýratynlykda geçirilýär.
Bäsleşigiň geçiş tertimi we düzgünnamasy bilen tanyş bolmak üçin: https://www.atavatan-turkmenistan.com/esasy-habar/uns-berin-bayrakly-teswirler-saylanan-teswirler/
Teswirler