«Türkmen Berk-Metal» habarçynyň habarynda

«Aşgabat» gazetiniň habarçysy Hurma Allanazarowa ýakynda iş sapary bilen  «Türkmen Berk-Metal» hususy kärhanasynda  boldy.  Bu barada žurnalistiň «Aşgabat» gazetiniň 10-njy sentýabrda, penşenbe güni çykan sanynyň 2-nji sahypasynda  çap edilen «Telekeçileriň işleri ileri» atly makalasynda habar berilýär.

Žurnalist Hurma Allanazarowany «Türkmen Berk-Metal»-da alnyp barylýan işler bilen bu hususy kärhananyň Önümçilik boýunça bölüminiň hünärmeni Azat Geldiýew tanyşdyrdy:

— Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Berk-Metal» hususy kärhanasy 2019-njy ýylda Ahal welaýatynda döredildi. Italiýa, Germaniýa, Türkiýe döwletleriniň öňdebaryjy tilsimatlary ornaşdyrylan kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 50 müň tonna ýuwujy serişdeleri öndürmäge niýetlenendir. Bu ýerdäki ähli işler kompýuter arkaly awtomatiki usulda dolandyrylýar.

Kärhanada häzirki wagtda «Emaý», «Güneş» we «Sar» atly haryt nyşanly elde we awtomatiki usulda ulanylýan kir ýuwujy serişdeler öndürilip, olar 300, 400 gramda kagyz gaplara we 3, 6, 9, 50 kilogram agramlykda polietilen gaplara gaplanylýar. Kärhanamyz tarapyndan öndürilýän önümler welaýatlarymyzyň we paýtagtymyzyň söwda nokatlarynda elýeterli bahalardan satuwa çykarylýar.  Bu kärhana häzirki wagtda sebitde uly önümçilik desgasydyr. «Türkmen Berk-Metal» hususy kärhanasy doly kuwwatda işlemegi hem-de hyzmatdaşlygy has giňeltmegi maksat edinýär. Mundan başga-da, kärhanamyz tarapyndan täze önümleri öndürmek ýola goýulýar, häzirki wagtda tegmilleri aýyryjy, gaty üstler üçin suwuk görnüşli arassalaýjy we ýuwujy, lagym arassalaýjy, hem-de antibakterial zyýansyzlandyryjy serişdeler öndürilýär.Geljekde hem «Türkmen Berk-Metal» hususy kärhanasy tarapyndan täze önümleriň önümçiliklerini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Öndürilen önümleriň we ulanylýan çig mallaryň hilini barlamak işleri önümçilik desgasynyň çäginde guralan merkezi barlaghanada alnyp barylýar. —  diýip, kärhananyň Önümçilik boýunça bölüminiň hünärmeni Azat Geldiýew buýsanç bilen gürrüň berdi.

Şeýle-de okaň:
«Türkmen Berk-Metal» hususy kärhanasy – Turkmenexporters.COM tarapyndan hili kepillendirilýär

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok