Taryhy “HUM” tapyldy

Aşgabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurulýan 16-njy tapgyryň ýaşaýyş toplumynyň çäginde, ýerasty kommunikasiýalar çekilen mahalynda, 2 metrden gowrak çuňlukda ekskawatoryň susagy tötänden ägirt uly keramiki gaba degdi. Ol beýikligi 1 metre golaý bolan hum bolup çykdy. Işler şol bada bes edildi hem-de bellenen kadalara laýyklykda, tapyndy baradaky maglumat Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlige gelip gowuşdy.
Bu ýere gelen arheologlar gazylan ýeri öwrendi we şol ýere ýanaşyk meýdanda gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde oňat saklanyp galan humlaryň ýene-de ikisi ýüze çykaryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok