“Ýyl ýazgylarynyň” 12-nji sany çapdan çykdy.

“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylarynyň” 12-nji sany Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanyldy. Ýyl ýazgylarynyň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken kararlary, buýruklary, permanlary hem-de Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisleri, wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlary, geçirilen duşuşyklar, durmuş-ykdysady taýdan özgertmeler barada giňişleýin maglumat berilýär.
Türkmen we rus dillerinde çap edilen bu kitap, ylmy-öwredijilik ähmiýetli bolup islendik pudak üçin uly gymmatlylyga eýedir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok