Tejribeli telekeçi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Berdi Täçow öz ýolbaşçylyk edýän «Läle plastik» hususy kärhanasynda öndürilýän önümleriň galyndylaryny hem gaýtadan işlemek arkaly, olardan önüm almagy ýola goýmaklyk bilen, daşky gurşawy goramak babatda galyndysyz önümçiligi üpjün etdi. Bu barada žurnalist Nurmämmet Hydyrowyň “Balkan” gazetiniň 2020-nji ýylyň 8-nji sentýabryndaky sanynda çap edilen “Ýerli çig maldan öndürilen islegli önümler” atly makalasynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup duran «Läle plastic» hususy kärhanasynda «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň», şeýle-de «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginiň düýpli ilerlemegine netijeli itergi berilýär.
«Läle plastic» hususy kärhanasy ýerli çig maldan dürli göwrümli hem-de gündelik durmuş zerurlyklary üçin niýetlenilen polietilen torbalaryny (paketlerini) öndürmek işlerini alyp barýar. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil enjamlary bilen üpjün edilen kärhana her aýda polietilen torbalarynyň 180 tonna çenlisini öndürmek mümkinçiligine eýedir. Munuň özi bu ýerde bir ýylyň dowamynda şeýle önümleriň 2 müň 160 tonnasyny öndürmek üçin zerur şertleriň bardygyny tassyklaýar.
Häzirki wagtda bu ýerde sarp edijileriň islegleri nazarda tutulyp, söwda dolanyşygynda hem-de gündelik durmuşda giňden peýdalanylýan dürli ölçegdäki polietilen torbalarynyň önümçiligi giňden ýola goýuldy. Bulardan başga-da, zir-zibiller üçin niýetlenilen «Läle» hem-de «Şelpe» atly dürli göwrümli polietilen torbalary köpçülikleýin öndürilip, sarp edijilere bökdençsiz ugradylýar. Hususy kärhanada öndürilýän ini 110 santimetre deň bolan polietilen plýonkasyna hem müşderiler uly isleg bildirýärler. Önümiň bu görnüşi ykdysadyýetimiziň agrosenagat toplumynda, ýagny ýyladyşhana işlerini talaba laýyk guramakda giňden peýdalanylýar. Bu kärhanada kämil önümçilik enjamlaryna erk edýän 20-den gowrak hünärmenler öndürilýän önümleriň hil derejesine aýratyn üns berýärler. Önümiň hil derejesiniň sarp edijileriň islegleriniň dowamly ýokarlanmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyna olar oňat düşünýärler. Munuň oňyn netijeleri önümlere bolan buýurmalaryň yzygiderli artmagynda aýdyň görünýär.
Teswirler