Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni

Sentýabr  aýynyň ikinji  şenbesi – Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni.

2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda döredilen Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni şu ýyl ýurdumyzda ikinji gezek bellenilýär. Bu baýramyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, täze belentliklere ýetmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edilendigi barada hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda çykaran Permanynda beýan edilýär.

Şu gün ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji şenbesinde bellenilmegi ýola goýlan Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni many-mazmuna baý dabaraly çäreler bilen geçiriler. Bu şanly senäniň her ýyl ýokary derejede we guramaçylykly bellenilip geçilmegi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan amala aşyrylýar. Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen bu pudagyň işgärleriniň ählisini tüýs ýürekden gutlaýarys.

Şeýle-de okaň:
100% ýerli gurluşyk harydyny öndürýän hususy kärhana
“Döwlet gurluşyk” HJ “Türkmengurluşyk-2019” sergisinde
ÖÝJÜKLI BETONLARY ULANMAGYŇ ARTYKMAÇLYGY
«Agaýana» HK eksportyň ornuny tutýan önümiň önümçiligini ýola goýdy
Türkmenistanda ýokary hilli penopolistirol önümleri öndürilýär
TÄZE JAÝLAR — DÖWRÜŇ SOWGADY
Energetika boýunça halkara sergi we maslahaty öz işine başlady
Aşgabatda ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirildi
Žurnalyň täze sany çapdan çykdy
ZEHIN-ZEHINDEN ZYÝADA
BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANYP YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri türkmen alymlarynyň üns merkezinde
Türkmenistan innowasion senagaty ösdürmekde möhüm ädim ätdi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok