Ekişiň täze möwsümi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi esasynda, ýurdumyzda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada berildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny we senagat kärhanalaryny çig mal pagta bilen üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol sanda daýhanlar hem ýokary hilli mineral dökünler, döwrebap tehnikalar, ýeterlik mukdarda himiki serişdeler we suw bilen üpjün edilýär.

Milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, ykdysadyýetimiziň we oba hojalygymyzyň beýleki pudaklar bilen deň-derejede oňat netijeler gazanylýar.

Ýurdumyzyň ekerançy daýhanlary Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işlerinden ugur alyp, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen ýerlerini öz wagtynda işläp bejerip sürüp we dökün bilen gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen taýýarlandylar.

Oba hojalyk toplumyny güýçli depginli ösdürmek Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasy işleriniň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýlelik-de ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlar önümçilikleri ösdürmek we dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik döredýär.

Häzirki wagtda Ýurdumyzyň Oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň pudagy sanly ulgama geçirmek hem-de iň täze tehnologiýalar we innowasiýalar bilen ornaşdyrmak esasynda, birnäçe çäreler görülýär.

Bulardan  başga-da, bugdaý hasyly üçin niýetlenen täze tehnikalar ekerançylar üçin oňat neitje gazandy. Şol tehnikalar sebäpli ekerançylara ekiş möwsümini has oňaýly möhletlerde geçirmäge kömek berer.

Kurbanow BABAGELDI
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok