Öýjükli betonlary ulanmagyň artykmaçlygy

2011-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli çig mallary ulanmak esasynda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýokary hilli gurlşyk serişdeleriniň önümçiligini guramak boýunça Kararlara gol çekdi. Mundan ugur alyp Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynyň ýanynda ýerli çigmallardan öyjükli beton öndürýän zawod gurulýar.

Häzirki döwürde beton we demir-beton serişdeleri gurluşyk materiallarynyň esasyny düzýär. Deslapky hasaplamalara göra, ýerli serişdeleriň esasynda taýýarlanylan we gyzdyrylyp gatadylan öýjükli betonlara geçilmegi binalaryň umumy agramyny 50 göterim peseltmäge, olaryň seýsmiki durnuklylygyny üpjün etmäge, şeýle hem, materiallarynyň ulanylyşyny 50 göterim azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa, binanyň umumy bahasyna oňyn täsirini ýerirýär.

Öýjükli beton – munuň özi ýeňil emeli material bolup, çägäni, suwy, heki,
sementi, alýumin pudrasyny we gips daşyny özünde jemleýän öýjükli garyndyny gataltmagyň netijesinde alynýar. Öýjükli betonlardan agyrlyk ölçegleriniň ýönekeý ulanylmagynyň hasabyna giň görnüşli önümler taýýarlanylýar.

Öýjükli betonyň düzümiň öýjükliligi gyşyna ýylylygyň saklanmagyny,
tomusda bolsa, salkynlylygy üpjün edýär. Öýjükli betonyň giňden ulanylmagy ýaşaýyş üçin amatly şertleri üpjün edýär. Pes ýylylyk geçirijilikde tomusda jaýlar salkyn, gyşyna bolsa ýyly bolýar.

Öýjükli beton diňe bir ýylylygy saklamak bilen çäklenmän, otaglary gaty
sesden goraýar. Öýjükli betondan edilen bloklar örän berk bolup, olar çyglylygy özüne siňdirmeýär. Şeýle hem, ol ýanmaýar we kerpiçden tapawutlylykda, gyzgynlykda öz hilini ýitirmeýär. Hususan-da onuň ýangyna garşylygy ýokarydyr.

Öýjükli betonlardan edilen bloklar ýönekeý gurallar arkaly işle-
nip taýýarlanylýar, kesilýär, deňlenýär, deşilýär, basylyp goýulýar. Ony
işläp taýýarlamagyň ýönekeýligi dürli görnüşdäki gurnamalary taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Aşyrmät Annaýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok