2012-nji ýylyň mart aýynda kabul edilen «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi diýip TurkmenPortal habar berýär.
Kanuna laýyklykda, fiziki şahslar bilen bagly ýeňillikleriň sany 5-e ýetirildi. Fiziki şahslara aşakdakylar bellenilen halatynda hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşmagyny bes edýärler:
- Ýaşy boýunça pensiýa;
- Gulluk ýyllary boýunça pensiýa;
- Hünär pensiýasy;
- Maýyplyk boýunça pensiýa ýa-da döwlet kömek puly, eger-de olar möhletsiz maýyplygy bolan adam diýlip ykrar edilen bolsalar;
- Döwlet durmuş kömek puly.
Bulardan başga-da hususy telekeçilere we hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan fiziki şahslara – özleri üçin tölenilýän pensiýa gatançlarynyň möçberine täzeden seredildi. Girizilen üýtgetmä görä, ýokarda agzalan şahslara pensiýa gatançlaryny olaryň özleriniň girdejisine garamazdan hasabat döwrüniň her aýy üçin Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň azyndan 10 göterimi möçberinde tölenilmeli edildi. Görkezilen şahslar üçin hasabat döwrüniň her ýylyň 1-nji ýanwaryndan 30-njy iýunyna çenli we 1-nji iýulyndan 31-nji dekabryna çenli aralykdaky döwri öz içine alýar.
Teswirler
In pes zahmet haky naçe?