Telekeçi Uktam Şamyratowyň Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň A.Nowaýy adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän “Ak durna” hususy kärhanasynyň, meýdany 5 gektara barabar bolan kölde balykçylygy ösdürmek boýunça uly işleri amala aşyrýandygy barada Satlyk Öwlüýagulyýew “Daşoguz habarlary” gazetiniň 2020-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda çykan sanynda çap edilen “Balyk bolçulygy ugrunda” atly makalasynda gyzykly maglumatlar berýär.
Telekeçi Uktam Şamyratow mundan dört ýyl ozak, ep-esli çuňlukdaky köli ýörite germewler arkaly sekiz bölege bölüp, özbaşdak howdanlary döredýär. Emeli usulda balyklaryň tohumyny öndürjek döwrebap inkubatorlaryň 5-sini gurnaýar.
Inkubatorlaryň kömegi bilen uçar, kepir, tüňňi maňlaý, zagara ýaly balyklaryň taşlaýan işbillerinden tohum ýetişdirilýär. Häzirki wagtda-da, işleriň zootehnikanyň talaplaryna laýyklykda sazlaşykly guralyp, alnyp barylmagy netijesinde şol tohumlardan her ýylda 15-20 million töweregi körpeje balyjaklar ýetişdirilýär.
Ýetişdirilýän körpeje balyklaryň sagdyn bolmaklygy işbillejek balyklaryň idegi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Şonuň üçin hem, bu ýerde ene balyklaryň ylmy esasda iýmitlendirilmegine aýratyn ähmiýet berýäris.
Işewür Uktam Şamyratowyň yhlasly aladasy bilen ösdürilip ýetişdirilýän körpeje balyklar isleg bildiren telekeçilere ylalaşylan bahadan satylýar. Onuň gerekli mukdary şu ýerdäki howdanlarda saklanylyp, galan bölegi Uktamyň baştutanlyk edýän “Ak durna” hususy kärhanasynyň garamagyndaky Sarygamyş we Akböwür köllerine goýberilýär. Şeýle edilmeginiň özi, bu kölleriň balyk goruny üzül-kesil gowulandyrmaga, olardan tutulýan balyklaryň möçberini artdyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda “Ak durna” hususy kärhanasynyň balyk neslini ösdürip ýetişdirýän howdanlarynda her ýylda kiçi balyklaryň 10 tonnasy, uly balyklaryň 5-6 tonnasy kemala getirilip, alyjylara ýetirilýär. Diýmek, “Ak durna” hususy kärhanasy her ýylda 15 – 16 tonna balygy satuwa çykarýar.
Teswirler